Tutanýerli göreş — ynamly ýeňiş

3 Ýanwar 2024
549

Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary, borçnama boýunça harby gullugyň starşinalary Annageldi Rahymowyň, Maksat Ödäýewiň, kapitan Mülkaman Sahadowyň taýýarlan türgenleri hem işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandylar. Bäsleşikde karateniň kumite görnüşi boýunça uly leýtenant Güýç Gökow final tutluşygynda 1-nji, borçnama boýunça harby gullugyň seržanty Şatlyk Tekäýew 2-nji orny eýelediler. Şeýle-de esgerler Şöhrat Gaýypow, Parahat Çaryýew, Meýlis Hojamuhammedow dagy final tutluşygyna çykmak mümkinçiligini elden gidirip, baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular.

Karateniň kata görnüşi boýunça görkezme çykyşlarynda kapitan Mülkaman Sahadow 29 — 45 ýaşly türgenleriň arasynda çykyş edip, 3-nji ornuň eýesi boldy. Şeýle-de harby talyp Begenç Taňrygulyýew we esger Atabaý Çemenow dagy 3-nji orunlary eýeläp, hormat münberine çykmagy başardylar. Ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň Hormat hatlary, medallary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Serdar SAPAROW,
borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.