Yhlasa — myrat

3 Ýanwar 2024
766

Golaýda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde adaty karate boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda 16-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi. Oňa Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle-de Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Aşyrmyrat Atajanow hem gatnaşyp, oňat netijeleri gazanmagy başardy. Ol sportuň fuku-do we ku-do görnüşleri boýunça 2-nji, şahsy, toparlaýyn tutluşyklarda hem-de şahsy kata boýunça 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan türgenimize Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat haty, medaly we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýerbolat URMAGAMBETOW,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.