Sport äleminiň ýyldyzy

3 Ýanwar 2024
438

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Sport adamyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny şertlendirmän, eýsem halklary ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän güýçdür» diýip, parasatly belleýşi ýaly, täze taryhy eýýamda sport köňülleri birleşdirýän güýje öwrüldi. Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy baradaky hoş habaryň beýan edilmegi bagtyýar halkymyzda uly hoşallyk duýgusyny döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik yhlasyndan bina bolan ajaýyp şäheriň «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem sportuň futbol görnüşiniň ösdürilmegine aýratyn uly üns berýär. Futbol indi birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurtlary, halklary ýakynlaşdyryp, jebisleşdirip gelýän ajaýyp sport görnüşleriniň biridir. Geçen ýylyň 4-nji maýynda Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti (FIFA) Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi türkmen futbolynyň taryhynda möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygynyň geljekde Türkmenistanda futbolyň wagyz edilmegine täze itergi beriljekdigini nygtady. Şonda bu iri halkara sport guramasynyň ýolbaşçysynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde FIFA-nyň Okuw-usulyýet merkezini döretmek baradaky pikirini beýan etmegi aýratyn täsirli boldy. Döwlet ähmiýetli şäher bolan Arkadag şäheriniň futbol toparynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ösdürilýän gatnaşyklardan ruhlanyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ynamly ýeňiş gazanmagy döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ajaýyp şäheriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylan ýylynda gazanylan bu ýeňiş ähli halkymyz üçin sportuň, aýratyn hem, futbolyň muşdaklary üçin ýatdan çykmajak taryhy pursada beslendi.

Şadurdy EMIRHANOW,
TOHI-niň mugallymy.