Myhmanlarda ýakymly täsir galdyran çempionat

29 Dekabr 2023
489

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023

Soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da paý­tag­ty­myz­da­ky dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň bin­ýa­dyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Il­kin­ji ge­zek bu ýer­de 2017-nji ýyl­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Azi­ýa we Okea­ni­ýa döw­let­le­ri­niň 62-sin­den iň ez­ber tür­gen­le­riň 5 müň­den gow­ra­gy­ny özün­de jem­län oýun­lar­da spor­tuň 21 gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Şeý­le-de sport şä­her­çe­si­niň çäk­le­rin­de 2018-nji ýyl­da ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. 2023-nji ýy­lyň iýun aýyn­da paý­tag­ty­myz 12 ýaş­ly we şon­dan ki­çi ýet­gin­jek og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň se­bit­le­ýin ýa­ry­şy­nyň ikin­ji ge­zek ge­çi­ri­len ýe­ri bol­dy. On­da 6 ýur­duň — Türk­me­nis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Tä­ji­gis­ta­nyň ýaş tennis­çi­le­ri to­par­la­ýyn bi­rin­ji­lik ug­run­da bäs­leş­di­ler. Bu sport çä­re­le­ri hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny, pa­ra­hat­çy­ly­gy we dost­lu­gy pugt­alan­dyr­mak işi­ne my­na­syp go­şant­dyr. Go­laý­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň (CIGEPS) ag­za­ly­gy­na saý­la­nyl­ma­gy ýur­du­my­zyň sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ýe­ne-de bir no­bat­da­ky üs­tün­li­gi bol­dy.

Dursunjemal Tatowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.