Şägirdimiz ― şa serpaýynyň eýesi

29 Dekabr 2023
442

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegi futbol hünärmeni hökmünde bizi diýseň begendirdi. Täze toparyň ilkinji möwsüminde goşa üstünlik gazanmagy, resmi duşuşyklarynyň birinde-de asgyn gelmezligi futbolyň taryhynda seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr. Ikinjiden bolsa, bu üstünlik toparyň örän oýlanyşykly düzülendigini görkezýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara maslahatynyň geçirilýän güni gazanan goşa üstünliginiň şanyna hormatly Prezidentimiziň adyndan awtobus sowgat edilen toparyň düzüminde şägirdimiň bolmagy meni has-da begendirýär. Has takygy, toparyň çep gyraky ýarym goragçysy Meýlis Durdyýew türgenleşiklerine mundan birnäçe ýyl ozal biziň mekdebimizde, meniň tälimçiligimde başlady. Ol çagalykdan hem beýleki deň-duşlaryndan ezberligi, başarjaňlygy bilen saýlanýardy. Şeýle bolansoň, Meýlis Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol klubyna harby gullugy geçmek üçin çagyryldy. Toparda özüni görkezen şägirdimiz harby gullugyny tamamlandan soň, sport ýoluny Marynyň «Energetik» toparynda dowam etdirdi. Şu ýylyň başynda bolsa täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri Meýlisi düzüme çagyrdylar. Meýlis häzir bu toparyň esasy çep gyraky goragçysy.

Timur HUSAÝINOW,
Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi.