Guwandyryjy jemler bilen

29 Dekabr 2023
554

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ösüş-özgertmelere, üstünliklere diýseň baý boldy. Şu mynasybetli biz bütin ýylyň dowamynda okuwçylaryň arasynda açyk sapaklary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini hem-de sport ýaryşlaryny giň gerimde geçirdik.

Okuwçylaryň gyşky dynç alşynyň öň ýanynda hem «Sport bedeniňi taplaýar» diýen at bilen sport ýaryşyny geçirdik. Sportuň woleýbol hem-de beýleki görnüşleri boýunça 10-njy, 11-nji synplarda okaýan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlara okuwçylarymyz höwes bilen tomaşa etdiler. Ýaryşlaryň guramaçylykly geçirilmeginde bedenterbiýe mugallymlarymyzyň uly paýy bar. Bäsleşige gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan ýaşlara kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan baýraklar gowşuryldy.

Aýgül BAÝRAMOWA,
Halaç etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.