«Arkadag» futbol topary — Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi!

28 Dekabr 2023
448

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Ýakynda möwsüm tamamlanmanka, Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan arany has açyp, çempion bolan topar «Arkadag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 3:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

Final duşuşygy diýseň çekeleşikli boldy. Bassyr iki ýyl bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşyp, tejribesini artdyran «Ahal» ilkinji minutlarda güýçli garşydaşyna mynasyp garşylyk görkezen hem bolsa, öz şäherinde, öz janköýerleriniň arasynda duşuşýan «Arkadag» topary derrew oýnuň gidişini eline aldy. Şeýlelikde, 29-njy minutda goragçy Abdy Bäşimow tapawutlanyp, finaldaky ilkinji goly öz adyna ýazdyrdy.