Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

27 Dekabr 2023
431

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyz «Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülmelidir» diýip, mähriban halkymyzyň sagdyn durmuşyna aýratyn ähmiýet berýär. Paýtagtymyzda milli çempionatlar, halkara derejesindäki iri halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Ynha, golaýda Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda beýleki garşydaşlaryndan üstün çykyp, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Munuň özi toparyň yklym ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrdy. Goý, halkara ýaryşlarynda-da üstünlikler ýaranyňyz bolsun, «Arkadag» topary!

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, taýsyz tagallalary edýär. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir.

Oguljennet SEÝITGULYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.