Sport — saglyga barýan ýol

27 Dekabr 2023
488

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen taryhyny ajaýyp wakalara besledi. Pederlerimiziň mynasyp dowamaty bolan merdana Watan goragçylary şanly ýylymyzyň tamamlanyp barýan günlerinde hem sport äleminde güýç-gaýratlaryny görkezmegi başardylar. Has takygy, ýaňy-ýakynda sportuň basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubunyň «Milli goşun» basketbol topary 1-nji orny eýeledi.

Ýaryşda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubunyň müdiri, maýor Arslan Berdimämmedow, sport klubunyň tälimçileri Timur Allanurow, Maksim Otbozin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçysy, maýor Nurmämmet Akyýew, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, leýtenant Döwlet Annaýew, şol ýokary harby okuw mekdebiniň harby talyby Farit Muradow, çagyryş boýunça harby gullukçylar Maksat Töräýew, Hekimberdi Muratow, Baýram Gurbanow, Ýewgeniý Nazipow dagy Ýaragly Güýçlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdylar. Bu gazanylan ajaýyp ýeňiş mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda uly üstünlige mynasyp bolan serkerdeleri, harby talyplary hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.