Ýaşlar ýaşaýşyň ýaraşygy

27 Dekabr 2023
421

Uly nesiller özleriniň geljegini ýaşlarda görýärler. Hakykatdan-da, ynsanyň ömür dowamaty çagalara bagly. Olary döwrümize mynasyp adamlar edip ýetişdirmek ugrundaky meselä ene-atalar bilen birlikde tutuş jemgyýetimiz ýakyndan gatnaşýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Özleri hakynda edilýän hossarlyk alada ýaşlar gowy okamak, beden taýdan bekemek, ile-güne gerekli hünärleri öwrenmek bilen jogap berýärler. Munuň şeýledigine biziň sport mekdebimiziň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, gözelligiň çeşmesi bolan sport bilen ýaşlaryň barha köpüsi höwesli meşgullanýar. Hut biziň mekdebimizde hem olaryň 550-den gowragy tälim alýar. Ýaşlar bilen geçirilýän okuw-türgenleşik okuwlary özüniň gowy netijelerini hem berýär. Hut Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biziň mekdebimiziň türgenleri ýurt we halkara derejelerindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça türgenlerimiziň ýedisi welaýatymyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde ýurdumyzyň çempiony boldular. Bu üstünlikde ussat tälimçi Ahmet Jankuliýewiň mynasyp zähmet paýy bar.

Muhamednazar KLYÇEW,
Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň usulyýetçisi.