Türkmen sportunyň şöhratly ýyly

26 Dekabr 2023
669

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan bu gün sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösýän ýurduna öwrüldi. Sportda gazanylýan üstünlikler buýsandyryjydyr. Ýurdumyzyň halkara abraýy artýar. Türkmen türgenleri döwlet we halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda ýeňiji bolup, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýakynda «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habar ähli halkymyzy begendirdi. Bu bolsa türgenlerimiziň sportda gazanýan ýeňişlerini beýan edýär. Munuň özi futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna bolan ynamyňy artdyrýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy özara bähbitli hyzmat-daşlygyň ösüşiniň täze derejä çykýandygyny tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlar we dünýä çempionatlary halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, jemgyýetimizde bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge itergi berýär.

Aşyrmuhammet GURBANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.