«Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýeti — pikirleriň hakykata öwrülýän ýeri

15 Oktýabr 2023
1254

Adatça, binalaryň içki we daşky owadan bezeglerini ýa-da önümiň göze gelüwli gabyny görenimizde, bizi ýakymlydan özboluşly duýgy gaplap alýar. Bu şeýle-de bolaýmaly. Çünki şol owadanlygyň we göze gelüwliligiň aňyrsynda dizaýnerleriň irginsiz zähmeti, yhlasy we gözlegleri ýatyr.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz üçin täze ugurlaryň biri bolan dizaýnerlik taslamalary bilen meşgullanýan, onda-da, eýýäm öz ornuna, aýratyn ýörelgelerine eýe bolan hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň sany barha artýar. Biz hem gazetiň şu sanynda şolaryň biri bolan «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň marketing boýunça hünärmeni Yhlas Tagyýew bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirýäris.

Söhbetdeş bolan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».