"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Sözleýiş medeniýetini ösdürmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlaryň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy ösdürilip, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaşlara ene dilini öwretmek, milli dilimize söýgi döretmek möhümdir. Munuň üçin ene diliniň ylmy esasda öwrenilişi, sözleriň many aýratynlyklary, esasan hem, dilimiziň stilistik aýratynlyklary hakynda düşünje bermek gerekdir. Ýaşlaryň ene dilimizde söz baýlyklarynyň örän köp bolmagyny gazanmalydyrys. Sebäbi söz baýlyklary köp bolan ynsanlar dilewar bolýar, medeniýetli sözlemegi başarýarlar. Şol sebäpli hem sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sebäbi aýdanyňda sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň leksik serişdelerini we stilistik resurslaryny has kämil bilmek gerek bolýar. Bu sözleşýän adamynyň lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.

Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Dünýäde maglumat tehnologiýalar merkezleri ylmyň we tehnikanyň ösüşine laýyk gelýän innowasiýa kuwwatyny emele getirýär. Şonda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary ylym, bilim edaralary bilen özara hereket edýär. Programma üpjünçiligi esasynda önümçilik kuwwatlyklarynyň işi maglumat tehnologiýalar merkezleri arkaly amal edilýär. Şeýle innowasion merkezlerde serwis hyzmatlary, dürli taslamalar amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini tehnologiýalar arkaly ösdürmek meselesine ylmy taýdan uly ähmiýet berýär. Bu innowasion ugry ösdürmekde bilimiň, ylmyň önümçilikdäki orny pugtalandyrylýar. Täze maglumat tehnologiýalaryny döretmek üçin innowasion gurşaw emele getirilýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda “Sanly çözgüt IT meýdança” hojalyk jemgyýeti döredildi.

Oňyn netijeler gazanylýar

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär. Ýurduň ösüşi, özgerişi, ilkinji nobatda, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunynyň ýokarylygyna bagly bolup durýar. Şunda bilimiň binýadyny berkitmekde sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti uludyr. Tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň bilen aýakdaş gitmek ähli ulgamlarda esasy talap bolup durýar. Şonuň üçin milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, kompýuterler ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesli döwrebap okatmakda zerur serişdelerdir. Şol serişdelerden ýerlikli peýdalanmak bolsa, bilim edaralarynda zähmet çekýän her bir mugallymyň borjudyr.

Mekdep okuwçylarynyň üstünligi

Şu ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Milli Bilim institutynda umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda onlaýn arkaly ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmelerine laýyklykda, robot tehnikasy, tebigy we takyk ylmy ugurly okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň maksady okuwçylaryň öwrenýän derslerine gyzyklanmasyny ýokarlandyrmakdan, olary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, tebigy ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 105-si özleriniň 62 işi bilen gatnaşdy.

Ylym-bilim — berk binýadym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän jennet mekanyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bagtyýarlyk döwrümiziň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Ylaýta-da, ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada, olary dünýäniň ösen bilimli, ylymly ýaşlarynyň hataryna goşmak baradaky ynam döwletimizde esasy orunda durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen interaktiw usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Bu asylly işe döwlet derejesinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda, häzirki wagtda dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär.

Iňlis dilinde «Relative clause» — ortak işlikler

Türkmen dilinde bolşy ýaly, iňlis dilinde hem kimdir biri, haýsydyr bir zat, ýa bolmasa, niredir bir ýer barada maglumat bermek islänimizde, ortak işliklerden — «Relative clause»-dan peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar. Kähalatlarda bolsa iňlis dilindäki sözlemlerde ortak işlik ulanylan ýagdaýynda oňa düşünmek bu dili täze öwrenýänler üçin kyn bolýar. Mysal üçin, «This is the boy who helped me fix my bicycle» (Bu maňa welosipedimi bejermäge kömek eden oglan) diýen sözlemdäki ähli sözleriň manysyny bilýän bolsak-da, muny türkmen diline terjime etmek iňlis dilini öwrenijiler üçin ýeňil bolmaýar. Olar, köplenç, sözlemdäki «who» sözüni «kim» diýip terjime etjek bolup, gutarnykly many alyp bilmän kösenýärler. Şonuň üçin «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda biz ýaşlarymyza «Relative clause», ýagny ortak işlikler barada maglumat bermegi maksat edindik. 1. Nirede ulanmaly?

Bagtyýarlygyň joş urýan döwri

Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşlerini ylymsyz we ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Kararyna laýyklykda ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenildi. Olary üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Taryh üçin gysga döwürde dünýä jemgyýetçiliginde uly abraý gazanan ýurdumyz bu günki gün syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähli beýik işleri, tutumly başlangyçlary, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine, il-günüň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgä esaslanýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artyp, halkara abraýy has-da pugtalanýar. Merdana, zähmetsöýer halkymyz öz taryhy ykbalynyň iň bagtyýar pursatlaryna, asudalygyň, bolelinligiň we rysgal-berekediň joş urýan döwletli döwranyna ― Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne eýe boldy.

Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilimde, syýasatda, medeniýetde uly öňegidişlikler gazanyldy. Ähli bilim edaralarynda, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerde, ykdysadyýetiň, medeniýetiň ähli ulgamlarynda dünýäniň täze gazanan innowasion tehnologiýalary, kompýuterleri, interaktiw we lingafon enjamlar, önümçilik tehnikalary batly depginlerde ornaşdyrylýar. Bu bolsa talyplaryň häzirki döwür bilen aýakdaş gitmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, ylym we terbiýe bermek mugallymyň wajyp borjy bolup durýar. Ylmy öwrenmek, oňa öz goşandyny goşmak her bir talybyň borjudyr. Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlara talabalaýyk bilim berlip, olaryň okaýan hünärlerini, ugurlaryny çuňňur öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Hormatly Prezidentimiziň Sanly ulgam merkezini döredip bermegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly ulgam merkezinde işleriň döwrebap derejede ýola goýulmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä tejribesini nazara almak arkaly mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksadalaýyk amala aşyrylmagynda örän möhümdir.

Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak; ýaşlaryň döwletiň we jemgyýet

Innowasion ösüşleriň binýady

Döwrebap düşünjeli, kompýuter enjamlaryndan baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edip bilýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talabydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport ugurly harytlaryň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, elektron senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýurdumyzyň ykdysadyýetine, senagatyna, oba hojalygyna, himiýa, nebitgaz, lukmançylyk, bilim ulgamlaryna we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryna ylmyň, tehnologiýanyň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylmalydyr» diýip belleýär.

Matematika sapagyny täsirli guramak

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda körpe nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň bilimli, ahlakly, ynsanperwer, ruhubelent bolup ýetişmegini gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mekdebe çenli çagalar edaralary ilkinji bilim basgançagydyr. Körpe nesillerimizi mekdebe taýýarlamak, bilimleriň ilkinji esaslaryny bermek çagalar baglarynda guralýan birnäçe sapaklar arkaly amala aşyrylýar. Oýunsyz çaga durmuşyny göz öňüne getirmek mümkin däldir. Çaga köp zatlary oýunlaryň üsti bilen öwrenýär. Şonuň üçin hem sapak pursadynda öwrediji oýunlardan peýdalanýaryn.

Öwrediji oýunlaryň ähmiýeti

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere oýunlaryň dürli görnüşleri oýnadylýar. Olaryň gurluşlary-da, maksatlary-da, ýerine ýetiriliş usullary-da dürli-dürlüdir. Uly toparlarda sözleýiş dilini kämilleşdirmek maksady bilen oýunlaryň öwrediji görnüşini saýlap almak bilen, körpeleriň işjeňliginiň artmagyny gazanýaryn. Çaganyň fiziki hereketi näçe işjeň bolsa, onuň sözleýiş diliniň-de şonça tiz ösýändigini pedagogik tejribeler subut edýär. Oýun oýnadylanda körpeleri gyzyklandyraýjak okuw, usuly-görkezme esbaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Görkezme esbaplarynyň hem oýnawaçlaryň, suratlaryň we beýleki enjamlaryň çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmagy zerurdyr. Mysal üçin, “Kim köp söz taparka?” diýen oýny ýerine ýetirmek üçin çagalary dört topara bölýärin. Olaryň ünsüni toparyň otagyndaky interaktiw tagta çekýärin. Bu tagtada öňden elektron göterijide taýýarlanan, dört bölege bölünen, her bölekde-de agzy bukjaly ak kepderiler peýda bolýar. Men ak kepderilerdäki bukja açylanda olardan nämäniň çykjakdygyny soraýaryn. Bu sowal körpelerde uly gyzyklanma döredýär. Olaryň soragly nazarlary şol tagtada eglenýär. Şonda: “Çagalar, ynha, serediň!” — diýip, ak kepderilerdäki bukjalary açmaga başlaýaryn. Her bukja açylanda, çekimli sesleriň biri peýda bolýar.

Ene dilim — eziz dilim

Häzirki döwürde ýurdumyzda ene dilimizi ýaş nesillerimize kämil derejede öwretmek bilim işgärleriniň jana-jan borjudyr. Çünki türkmen diliniň okuwçylara oňat öwredilmegine bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwretmek üçin ähli şertleri döredýär. Şol şertlerden peýdalanyp, mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar. Umumybilim berýän mekdeplerde sanly bilime geçmek dowam etdirilýär, maglumat tehnologiýalaryny okuw maksatly ulanmakda tejribe toplanýar. Okuw sapaklarynda täze tehnologiýalary peýdalanmak okuwçylaryň işjeňligini artdyrmak, öwrenilýän okuw dersine bolan söýgini döretmek hem ösdürmek bilen baglanyşykly anyk maksatlara gönükdirilýär. Şonuň üçin häzirki döwürde umumybilim berýän orta mekdeplerde multimedia tehnologiýalaryny peýdalanyp, interaktiw usulda okatmak netijeli usul hasaplanýar.

Döwrebap bilim ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Bu ulgamda düýpli we toplumlaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we onuň hiliniň ýokarlanmagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bilim berlişiň hil derejesi halkara ülňülerine laýyk getirildi. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işiniň sazlaşykly alnyp barylmagy uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň dünýä derejesinde täze gazananlaryna uly orun bermegi, onuň ylym-bilim syýasatyny dabaralandyrýar.

Ýaşlar ýurduň geljegidir

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen sanly wideo- aragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda türkmen ýaşlary üçin ýeneki üstünlikleriň, täze öňegidişlikleriň özboluşly badalgasy boldy.

Guwandyrýan netijeler

Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary, ylym-bilimiň jümmüşine aralaşmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Olardan ýerlikli peýdalanylýandygyna bolsa, geçirilýän dürli bäsleşikleriň netijeleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Biziň mekdebimiziň okuwçylary hem şeýle bäsleşiklerde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şu okuw ýylynda okuwçylarymyz Raýan Keroglyýewiň we Zeýnep Çitliýewanyň taýýarlan «Akylly öý» atly taslama işi «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen taslama-döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyrynda ikinji orna, welaýat tapgyrynda bolsa birinji orna mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem mekdebimiziň okuwçylary Aýnabat Hydy-rowa bilen Abadan Hydyrowanyň taýýarlan «Sagdyn durmuş ensiklopediýasy» atly taslama işi bäsleşigiň şäher tapgyrynda ikinji, welaýat tapgyrynda üçünji orunlary eýeläp, döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Mekdebimiziň okuwçylary Güljahan Täşliýewanyň we Göwhertäç Annaorazowanyň «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG-de dabaralanmagy» atly taslama işi bolsa bäsleşigiň şäher tapgyrynda üçünji, welaýat tapgyrynda höweslendiriji orna mynasyp görüldi. Raýan Keroglyýew bilen Dünýägözel Hudaýberdiýewanyň «Robot tehnikasy» bäsleşiginiň şäher tapgyrynda birinji, Jeýhun Musaýew bile

Döwrüň möhüm talaby

Güneşli ülkämizde ylym-bilim edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýollaryň açylmagy ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna ýardam berýär. Bu babatda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýarys. Ylmyň soňky gazananlaryny hem-de okatmagyň innowasion usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň gerimini giňeldýäris. Bu bolsa bilimiň hiliniň ýokary derejä laýyk bolmagyny üpjün etmek bilen, ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermäge giň ýol açýar» diýip bellemek bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, sazlaşykly ösmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Gün-günden gülleýän ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly käre sarpa

Mugallym çagalara ata-eneden soňra iň golaý durýan adamdyr diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Halk mugallyma özüniň durmuşda iň eý görýäniniň — çagasynyň ykbalyny ynanýar, çünki ol mugallymyň yhlasly zähmeti bilen çagasynyň ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, medeniýetli adam bolup ýetişjekdigine ynanýar. Munuň özi mugallyma goýulýan belent sarpa, şol bir wagtyň özünde-de, onuň üstüne ýüklenilýän uly jogapkärçilikdir. Aslynda, mugallymçylyk döredijilikli işdir. Mugallym hemişe täzeligiň gözleginde bolýar, dörediji bolýar. Mugallymçylyk käriniň irginsiz gözlegleri, ýadawsyz zähmeti talap edýändigine köp sanly kärdeşlerim bilen birlikde, men hem öz iş tejribämde göz ýetirdim.

Halkara gatnaşyklarda möhüm şert

Her bir döwletiň ösüş syýasatynyň esasyny düzýän ylym-bilim ulgamyny we ösüp gelýän ýaş nesilleriň bu ulgama höwesini artdyrmak üçin ýurdumyzda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Ylmy açyşlaryň, tehnologiki oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr aralaşýan döwründe halkyň bilime bolan isleg-arzuwyny kanagatlandyrmak, kämil bilim ulgamyny kemala getirmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ýaş nesillerimizde raýat düşünjelerini kemala getirmek giň möçberli bilim we ylym reformalarymyzyň düýp özenidir, täze taryhy eýýamyň baş talaplarydyr”. Şu parasatly jümlelere esaslanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda, şol sanda dil biliminde hem uly ösüşler gazanylýar. Ýagny dil bilimine aýratyn üns berlip, bu ugurdan iş alyp barýan bilermenleriň sany barha artýar. Şol sanda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini hem çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Dilşynaslaryň iki diliň özara täsiri we aýratynlyklary barada ýüze çykýan meseleler dogrusynda ençeme nazary ähmiýetli işleri yzygiderli neşir edilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkara bileleşiginiň agzalary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň utgaşykly ösmegi dünýä ýüzünde ykrar edilen sanly ulgamyň döremegine getirdi. Milli Liderimiziň taga

Baý tej­ri­be — kä­mil­li­ge ýol­lan­ma

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki­za­man jem­gy­ýe­tin­de ha­ky­ky gym­mat­lyk baý­lyk­da däl-de, eý­sem, ra­ýat­la­ry­my­zyň bi­li­min­de, hü­när de­re­je­sin­de we ola­ryň zäh­me­ti­niň ne­ti­je­sin­de­dir. Şu jäht­den soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my üçin döw­let ta­ra­pyn­dan goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň möç­be­ri ep-es­li ýo­kar­lan­dy we tä­ze bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň on­lar­ça­sy bi­na edil­di, olar ösen teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­lar bi­len ab­zal­laş­dy­ryl­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len Mak­sat­na­ma­la­ry, Per­man­lar­dyr Ka­rar­la­ry ka­bul et­me­gi ne­ti­je­sin­de bi­lim öz­gert­me­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, türk­men ýaş­la­ry­na be­ril­ýän bi­lim-ter­bi­ýä­niň hi­li­niň üzül-ke­sil go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na giň ýol açyl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edi­len Türk­me­nis­tan­da ça­ga­nyň ir­ki ösü­şi bo­ýun­ça 2020—2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ça­ga­la­ry oku­wa taý­ýar­la­mak­da maş­ga­la­nyň we mek­de­biň ara­syn­da bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri tä­ze­çe gu­ra­mak bo­ýun­ça hem ta­la­ba­la­ýyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu res­mi­na­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri ça­ga­la­ra bi­lim ber­mek işi­ne iň öň­de­ba­ry­jy in­no­wa­sion çe­me­leş­me­le­ri we usul­la­ry giň­den