"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlara uly ynam bildirilýär, okamaga, döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde örän ähmiýetlidir. Onda ýaşlar baradaky aladalaryň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan talaplary, borçlary we islegleri dolulygyna kanagatlandyrylýar.

Kitap okamak endigini ösdürmek

Pähimdar pederlerimiz nesil terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Esasan-da, ýaş nesilleriň köp okamaklaryny, kitaba sarpa goýmaklaryny ündäpdirler. Munuň üçin balarynyň güllerden goruny ýygnaýşy ýaly, ynsanyň hem kitaplaryň üsti bilen paýhas goruny toplamagy gerek. Häzirki wagtda ýaşlaryň boş wagtlaryny kitaphanalarda geçirmeklerini gazanýarys. Olaryň özbaşdak kitap okamaga bolan höweslerini artdyrmak, elbetde, mugallymlara hem-de ata-enelere bagly ýagdaýlaryň biridir. Il içinde hormatlanýan, akylly-paýhasly adamlaryň, sowatly danalaryň hem köp kitap okamagyň netijesinde kämil bolýandygyny perzentlerimize düşündirmelidir. Olarda gündelik kitap okamak ýaly gowy endikleri döretmek möhümdir. Munuň üçin ata-eneleriň özi hem çaganyň gözüniň öňündäki göreldesi bolmalydyr. Häzirki döwrümizde kitaplary ele alyp okamak bilen bir hatarda, elektron görnüşinde okamak mümkinçiligi has hem ýokarydyr. Islendik kitaplary elektron kitaphanalaryň üsti bilen almak we okamak bolýar. Tomusky dynç alyş günleriniň başlanmagy bilen mekdep okuwçylarymyza kitaplary — Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini, şeýle hem çeper eserleri, şygyrlary okamagyň we öwrenmegiň peýdasy barada söhbetler guraldy. Munuň özi çagalaryň özbaşdak pikirleriniň ösmegi, kämilleşmegi, döredijiliginiň artmagy üçin ilkinji basgançaklaryň biri bolup durýar.

Milli bilim ulgamyny barha döwrebaplaşdyrmagyň täze binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” hakynda aýratyn durup geçmek gerek. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa biz – talyp ýaşlaryň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösüşlere eýe boldy. Esasan hem, döwrüň iň täze gazananlaryndan ugur alnyp, sanly bilim ulgamy ösdürildi. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgam durmuşymyza pugta ornaşdyrylýar. Şonuň üçin ýaşlarymyz sanly ulgamyň ähli aýratynlyklaryna oňat düşünýän hünärmenler bolup ýetişýärler. Bu ugurdan halypa mugallymlar döwrebap bilimleri öwredýärler. Geljegimiz bolan ýaşlara bi

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji bolmaklary hakynda alada etmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelge ynsanda ýagşylygy, birek-birege hormat goýmagy, sahawaty kemala getirýär. Nesillere ýagşylygy ündew etmek bilen bir hatarda asylly görelde görkezmek terbiýäniň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle öwüt berlende, süýji sözlülik, nakyllardan, paýhasly sözlerden peýdalanmak oňat netije berýär. Halk pähimlerinde ýagşy görelde gören ýaşlar hakynda ençeme nakyllary görmek bolýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem «Ýagşy oguldan rehmet arygy akar» diýip, nesilleriň ýagşy gylykly, oňat häsiýetli bolup ýetişmegi hakynda beýan edipdir. Esasan hem, ýagşy häsiýetler ene dilimizde aýdylýan pähimlerden gözbaş alýar. Bu pähimlere we atalar sözlerine oňat düşünmek üçin ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmek gerek. Şoňa görä-de, nesillerde ene dilimize bolan buýsanjy terbiýelemek, nakyllary we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryny öwretmek örän möhümdir. Munuň özi olarda il-güne söýgini, geçmiş mirasymyza bolan belent sarpany kemala getirer.

Dizaýnyň çeperçilik beýany

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 XXI asyr­da adam­zat ýa­şaý­şy­nyň köp­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­nde iň köp ula­nyl­ýan söz­le­riň bi­ri «di­zaýn» sö­zi bo­lup dur­ýar. Onuň se­bä­bi ýa­şaý­şyň hem­me gör­nü­şin­de: is­le, dur­muş­da ula­nyl­ýan iň ýö­ne­keý zat­lar­dan baş­lap, daşky gur­şaw­da, adam­za­dyň iş ýe­rin­de, öý­de hem­me­ta­rap­la­ýyn gurşap al­ýan zat­lar önüm­çi­lik­de ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li di­zaýn önüm­le­ri bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki za­man yl­myn­da «di­zaýn» sö­zi iň­lis di­lin­den ter­ji­me edi­len­de «tas­la­ma» ýa-da «tas­la­ma­laş­dyr­mak» di­ýen ma­ny­la­ry­ aň­lad­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iň­lis di­lin­de bu söz hem at, hem iş­lik hök­mün­de ula­nyl­ýar. Şol esas­da hem, ol bir di­ýen­de hem baş­la­ma­gy, hem-de ta­mam­la­ma­gy, işiň do­wam­ly­ly­gy­ny we ahyr­ky önü­mi aň­lad­ýar.

Mu­gal­lym­la­ryň mu­gal­ly­my

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Mu­gal­lym — gur­sa­gyn­da yn­san­per­wer­li­giň gül­le­ri gun­ça­la­ýan, älem gö­zel­lik­le­ri­ni kal­by­nyň gö­zi bi­len gö­rüp bil­ýän üýt­ge­şik yn­san. Ola­ryň ýü­re­gin­dä­ki ýa­şaý­şa söý­gü­si ýüz­le­ri­ni nur­lan­dyr­ýar. Mu­gal­lym­la­ryň ady­ny eşit­me­gem yn­san kal­by­ny tol­gun­dyr­ýar. Ola­ryň öz öm­rü­miz­dä­ki pa­ýy­ny di­ňe ylym-bi­lim däl, dur­muş­dan be­ren sa­pak­la­ry­ny ýat­la­dy­gyň­ça, kal­byň­da çuň­ňur min­net­dar­lyk duý­gu­sy oýan­ýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 8-12-nji iýulynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçiriler. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berilýär. Okuw maslahaty Raýat awiasiýasy boýunça Ýewropa maslahatynyň “Awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli inžener” maksatnamasynda göz öňünde tutuldy. Okuw maslahatyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hünärmenleri we Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň wekilleri gatnaşar. Şeýle hem sebitiň ýurtlaryndan hususan-da, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gyzyklanma bildirýän taraplap çagyrylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny ilerledip

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagyna talyplardyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Iki günlük okuw sapagynyň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselesini üns merkezinde saklamak bilen, ählumumy we sebit gün tertibi babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk edýär. 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem ileri tutulýan ugurlaryna kybapdaş gelýär.

Okuwçylar medally dolandylar

Ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda XXVIII Balkan matematika olimpiadasy geçirildi. Oplimpiadada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Oňa dünýäniň 22 döwletinden 130 okuwçy gatnaşdy. Netijede, Aşgabat şäheriniň 86-njy, 97-nji, Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdepleriniň okuwçylary Hemra Gurbanow, Begli Işanmyradow, Myrat Ruslanow, Begenç Gurbanow dagy kümüş medaly eýelediler. Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aýly Gaýypow bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Mekdep okuwçylarynyň halkara bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary hormatly Prezidentimiziň bilimde intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek meselesine berýän ünsüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan nobatdaky netijesidir.

Kitap — bilimler ummany

Adam elmydama gowy zatlaryň gözleginde bolmaly. «Köp okan köp biler» diýlişi ýaly, özbaşdak çeper edebiýatlary, taryhy maglumatlary okamaly. Kitap okamak ynsanyň kalbyny tämizleýär. Täze-täze duýguçyl pikirleri döredýär. Okyjy özüniň we özgäniň durmuşynda bolup geçýän wakalara, pursatlara paýhasly çemeleşýär. Kitap ynsanyň akyl sandygynyň gorunyň agramlanmagyna, aňly-düşünjeli bolmagyna ýardam berýär. Edebiýat adamyň ylym-bilim dünýäsindäki täze-täze maglumatlar bilen tanşyp, dünýägaraýşynyň giňelmegine hem uly täsir edýär. Islendik bir zady, ýagny kitaby, makalany, goşgyny, poemany, romany okamak okyjynyň dil baýlygyny artdyryp, edebiýata we döredijilige bolan söýgüsini oýaryp bilýär. Şunuň ýaly gyzyldan gymmatly maglumatlaryň toplanan ýeri hem kitaphanalardyr. Ýurdumyzyň iň gözel ýerinde ýerleşýän, Köpetdagyň etegini etekläp oturan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem giň okyjylar köpçüligine hyzmat edýär. Döwlet kitaphanasynda okyjylaryň kitap okamagy üçin ähli şertler döredilen. Kitaphananyň ümsümligi, kaşaňlygy, giňligi, ýagtylygy we owadanlygy okyjynyň kitap okamaga bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Kitaphananyň yşyklandyryjysyndan başga-da, her okyjy üçin niýetlenen stol çyrajyklarynyň ýerleşdirilmegi okyjynyň kitap okamagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Her bir okyja özüne gerekli maglumatlary, kitaplary tiz wagtyň içinde tapyp alma

Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda bu meselä aýratyn uly üns berilýär. Halkymyzda «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag»  diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýen ata-babalarymyzyň ylym-bilim almak, hünärli bolmak baradaky asylly ýörelgeleri ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki döwür sanly tehnologiýalaryň ösýän, kämilleşýän zamanasydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, innowasion we sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilmegi netijesinde ähli ugurlarda ösüşiň ýokary depginleri üpjün edilýär. Döwrebap sanly tehnologiýalardan we enjamlardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelýändigi bizi hasam buýsandyrýar.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Watanymyzyň ähli ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimiň we ylmyň ösüş derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda bu ugurda durmuşa geçirilýän tutumly işler, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşlarymyz hem-de röwşen geljegimiz baradaky aladadan gözbaş alýar. Ulgamy sazlaşykly ösdürmekde, ýokary derejä ýetirmekde öňe sürülýän başlangyçlar, kabul edilýän maksatnamalar ýurdumyzyň gülläp ösmegine ýardam berýär. Ajaýyp döwrümizde, ýurdumyzyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, sanly ulgama geçilmegi bilen, bilim ulgamy hem uly ösüşe eýe bolýar. Orta mekdepleriň häzirki zaman kompýuterleri we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär.

Bilimli ýaşlar — döwrümiziň geljegi

Bilim — ynsanyň durmuş atly ýolunyň çelgisi. Ol ähli mümkinçilikleriň gözbaşy bolmak bilen, adamzat taryhynda aýrylmaz bir gymmatlyk bolup hyzmat edip gelýär. Bilimli ynsanyň ýagty ertirleriniň boljakdygy ikuçsuz. Ýagty ertirler bolsa ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýän, ony arzuwlarydyr maksatlara sary alyp gidýän aýdyň ýoldur. Ol aýdyňlygy bilen şol ynsanyň durmuşyna özüniň gymmatly hem öçmejek şöhlesini saçýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda üstünlikli alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Eýsem-de bolsa, bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bu bolsa Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Tejribe — hünär taýýarlygynyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti, gazanýan üstünlikleri netijesinde, kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan döwletleriň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüşli ýoly bu gün bütin dünýäde ykrar edilýär. Eziz Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda harby ulgamda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýokary hünärli milli harby hünärmenleri taýýarlap we terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan anyk kesgitlenilen döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biri bolup durýar. Bilime teşne harby talyp ýaşlaryň bilimdir başarnyklaryny kämilleşdirmek, hünär derejelerini ýokarlandyrmak, okatmagyň döwrebap usullaryny halkara tejribeleriň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň hünär bilimleriniň nazary we amaly usullaryny dogry gurap bilmek ussatlygyny artdyrmak, harby-syýasy düşünjelerini has-da baýlaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanyp, harby hünärleriň dürli ugurlary boýunça ylym-bilim bermek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary şu günler serkerde-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiň çäginde we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň raýat goranyşy edaralarynda okuw tejribeligini geçýärler.

Döwrebap ösüşde ylmyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz ösüşleriň ak ýoly bilen barha öňe barýar, özgerýär. Şonuň bilen bir hatarda ylmy tehnologiýalar, dürli innowasion işläp taýýarlamalar ýokary depginde ösýär. Umumadamzat ösüşiniň tejribesinden görnüşi ýaly, ýurdy dünýä derejesinde öňdebaryjy orunlara çykarýan ykdysady öňegidişlik we ösüş, ilkinji nobatda, ýaş nesle berilýän ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi kämilleşdirmekden, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Şol maksat bilen, bu gün innowasion tehnologiýalar, ylmyň gazananlary, öňdebaryjy dünýä tejribeleri ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň aň-bilimi, döredijilik mümkinçiligi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýaş alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň bähbitlerine gönükdirilýär. Iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk halkara we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki ylmy taslamalar esasynda has-da pugtalandyrylýar.

Bilim işgärleriniň 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hakynda şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr. Milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde toplanan ägirt uly tejribelerimizden ugur alyp, bu gün ýaş nesilleri terbiýelemek we okatmak babatda uly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýarys». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi. Olaryň hünär ussatlygyny ü

Ter­bi­ýe bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy

Bagtyýar zamanada ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda watansöýüjilik, ýokary ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Türkmen halky hemme wagtlarda-da nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşipdir.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi we 2028-nji ýyla çenli ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşýandygynyň subutnamasy boldy. Konsepsiýada mekdebe çenli bilim edaralarynda körpeler bilen işlemek boýunça öňde durýan anyk wezipeler beýan edilýär. Bu resminamada çagalar edaralary bilen orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, okatmagyň hilini, mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreler göz öňünde tut

Kämilligiň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Häzirki wagtda gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri döwrüň talabyna laýyk gelýän iň kämil enjamlar bilen üpjün edilýär. Şeýle-de ak, gunduz ýaly mekdeplerde kämil bilim we terbiýe alýan ýaşlaryň geljegi barada hem üznüksiz alada edilýär.

Bi­lim­li il ozar

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Bi­lim ul­ga­my­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi hem-de mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň ber­ki­dil­me­gi, ul­ga­myň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­ma­gy Gah­ry­man Arkadagy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan, hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ug­ru­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­ny, or­ta mek­de­bi, ýo­ka­ry mek­de­bi öz­gert­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ylym-bi­lim ul­ga­myn­da öz­gert­me­le­riň mak­sa­da la­ýyk dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bu ul­ga­my yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­rip, ony hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ýar.