"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Durnukly ösüş — milli ykdysadyýeti ösdürmegiň baş şerti

Milli Liderimiz ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi 11-nji martda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Amatly we bähbitli bank hyzmatlary

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şonuň bilen birlikde, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak we ulgamyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak esasy ugurlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaý boýunça bankyň müşderileriniň ulanýan bank kartlarynyň sany 1,6 milliondan geçip, ýurdumyzda ulanylýan jemi bank kartlarynyň 37 göterimini emele getirýär.

Garagumuň suw şalygy

Çöl we suw. Bular özünde çuň manylary jemleýän düşünjelerdir. Jöwzaly çölde diriligiň, ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan suwuň gadyr-gymmaty örän ýokarydyr. Ata-babalarymyz tebigatyň ýowuz şertlerinde ýyldyz boýly guýulary gazyp, özleri we hojalyk mallary üçin her damjasy zere deňelýän suwy almagy başarypdyrlar. Häzirki döwürde bolsa halkymyz üçin asyrlaryň dowamynda çözülmesi örän kyn bolan bu möhüm meseleler üstünlikli çözülýär. Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek isleseňiz, Garagumuň bu sebitine gelip göräýmeli. Ony sözüň doly manysynda ymgyr çölümiziň suw şalygy hasaplamak bolar. Ol welaýatymyzyň Kerki etrabynyň çäginde, çöl içinde ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky suw howdanydyr. Tutýan umumy meýdany 70 müň gektardan hem gowrak bolan suw howdany ozalky Uzynşor çöketliginde geçen asyryň segseninji ýyllarynda peýda boldy. Ol hem Garagum derýasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Amyderýadan suw akabalary arkaly gelýän gyrmançaly suw howdanda toplanylyp, durlanandan soňra emeli derýa akdyrylýar. Başgaça aýdylanda, bu uly suw desgasy ýylyň ähli paslynda, ylaýta-da, suwuň köp sarp edilýän döwründe Garagum derýasynda suwuň kadaly möçberde akmagyny üpjün etmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm wezipeleri

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi.

Milli ykdysadyýet ösüş ýolunda

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýynda taýýarlyk görülýär.

Beýik işler - berkararlyk binýady

Ýurdumyzda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli berjaý edilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ýerli çig mal we zähmet serişdeleriniň netijeli ulanylmagy milli ykdysadyýetiň ösüşine düýpli täsirini ýetirdi. Döwlet serişdeleriniň, kärhanalaryň, şonuň ýaly-da daşary ýurt maýadarlarynyň hasabyna özleşdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi hem ýokarlandyryldy. Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, sebitlerinde her ýylda garaşylýan netijeler göz öňünde tutulyp düzülýär we onuň maksady ykdysadyýetiň pudaklarynda düýpli maýa goýumlaryny ýokary depginler bilen özleşdirmekden, ilatyň bähbitlerini goramak bilen durmuş ulgamynda we beýleki pudaklarda düýpli özgertmeleri üpjün etmekden, döwlet çykdajylarynyň netijeli ulgamyny döretmekden, raýatlaryň durmuş kepilliklerini pugtalandyrmakdan we birnäçe beýleki wezipeleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Şunda döwlet serişdelerini jemlemek we pudaklaryň amatly ösüş şertlerini döretmek üçin has netijeli gurallary peýdalanmak, ýurduň senagat mümkinçiligini we zerur bolan amatlyklary tehnologiýa taýdan täzelemek işleri häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýda taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösüşiň milli ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen türkmen ykdysadyýetiniň özboluşly milli modeli ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurtda syýasy durnuklylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ýaly ugurlara daýanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazaryň alamatlaryny we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Il-gününiň agzybirligini, halkynyň abadanlygyny baş maksat edinýän Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deňhukuklylyk, özara peýdalylyk we bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak, şeýle-de ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly hökmünde garamak esasynda ösdürýär. Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde ynamdar, ygrarly, özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş, umumadamzat meselelerini çözmekde netijeli başlangyçlary öňe sürýän tarap hökmünde uly abraýa mynasyp boldy. Halkara derejesinde bähbitleriň utgaşmagyny özünde jemleýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgam: döwrebaplygyň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan giň gerimli sanly özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän işleriň özüniň ýokary netijesini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmaga we ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Diýarymyzda alnyp barylýan sanly özgertmeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmak maksady bilen, degişli ugruň kanunçylyk binýady yzygiderli berkidilýär we möhüm resminamalar kabul edilýär.

Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy

Bu gün bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän azyk önümleriniň, halkymyzyň gündelik durmuşynda peýdalanylýan hojalyk harytlarynyň we dürli görnüşli dokmaçylyk önümleriniň aglaba böleginiň milli öndürijiler tarapyndan öndürilendigini göreniňde, ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine buýsanjyň artýar. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň miwesidir. Şu ýyl ähli ulgamlardaky uly üstünlikler bilen eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini garşylaýarys. Üç onýyllygy öz içine alýan döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşine nazar aýlasaň, baryp asyryň başynda hem bazarlardyr söwda merkezlerde milli öndürijilerimiz tarapyndan hödürlenilýän harytlaryň görnüşleriniň sanynyň barmak basyp sanap boljak möçberde bolandygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen Diýarymyzda hususy işewürlige giň mümkinçilikler döredildi we milli senagatymyz depginli ösüş ýoluna düşdi. Bu gün hojalyk üçin zerur harytlary almak üçin islendik söwda merkezine ýa-da dükana barsaň, öz ýurdumyzda öndürilen harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Şolaryň agramly bölegi bolsa hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan öndürilen harytlardan ybarat.

Ulag ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüş-özgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň at-abraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.

Milli nagyşlarymyz sünnäden-sünnä, oňa haýran galyp, syn eder dünýä!

Dünýä ýüzüniň milletlerini biri-birinden tapawutlandyrýan, olaryň ruhy we medeni aýratynlyklaryny aňladýan gymmatlyklaryň biri-de, milli nagyşly milli lybaslardyr. Haýsy halky alsaň, alyp göräýmeli, milli lybasy bolmadyk halk ýok. Islendik halk hem, häzirki wagtda nähili ösen derejä ýetendigine garamazdan, ilki bilen el güýjünde öndürilen lybasyny geýip, dünýä çykypdyr. Iň gyzykly ýeri-de, halklar häli-häzirlerem döwrebap lybaslar bilen däl-de, milli lybaslary bilen tapawutlanýar. Diýmek, milletiň milliligini aňladýan milli nagyşly lybaslary näçe dabaralandyrsaň, halkyň taryhy, şu güni we geçmişi-de şonça belent derejä ýetjek ekeni... Şeýle pikirleri seriňde aýlap oturyşyňa, hormatly Prezidentimiziň bagtyýarlyk döwrümiziň dokma senagatyny ösdürmek, bu pudakda öndürilýän önümlere milli nagyşlarymyz arkaly häzirki zaman öwüşginini çaýmak, özi-de, ony mümkin boldugyndan ýokary hilde öndürip, dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky irginsiz tagallalarynyň nähili uly maksatdan gözbaş alýan ekendigine düşünip, öz ýanyňdan örän buýsanýarsyň.

Hususylaşdyrmak — bazar gatnaşyklarynda baş ugur

Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň wajyp ugry döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen alnyp barlan işleriň netijesinde, häzirki wagta çenli Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli (2021-nji ýylyň 2 aýyny goşmak bilen) döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 557-ä, maýa goýum bäsleşiginde, gazna biržasynda, kärendeçisine we salgyly satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 155-e, bäsleşikli söwdada (auksion) satylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 402-ä ýetdi. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn esasda ösdürilýär. Telekeçileriň bähbitlerini goraýan kanunlar kabul edilýär, bu ugry saýlap alan raýatlara ýeňillikli bank karzlary yzygiderli berilýär. Dürli maksatly desgalaryň gurulmagy, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy hem döredildi. Ýuridik şahs hökmünde döredilen bu gazna öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-

Milli ykdysadyýetimizde belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady-durmuş ösüşleri netijeli häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisi ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere ýetmegine ähli amatlyklary döredýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ösüşleriň gazanylmagynda döwlet Maksatnamalarynyň döwrebap, kämil bolmagynyň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» esaslanyp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şeýle hem bank ulgamynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar.

Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň durmuş hal-ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijiler durnukly ösýär. Üstümizdäki ýylyň 22-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysadyýetiň okgunly ösýändigini, munuň özi eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanyp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda sanly ykdysadyýetiň bu giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, desgalar hem tapgyrlaýyn hususylaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam berýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr. Halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň elmydama ýokary derejede saklanylmagyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, onuň maddy esasyny düzýän kuwwatly ykdysady binýada baglydyr. Ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige uky

Gadam — batly, ýürek — joşly

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň barha ilerlemegi ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen pudaklaryň işini üstünlikli ýola goýmaga düýpli itergi berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirýän kärhanalaryň birem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasydyr. Balkanabat şäherinde ýerleşýän «Batly gadam» dünýä hil ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman hususy kärhanasyna öwrüldi. Ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň hatarynda tanalýan «Batly gadamda» häzirki wagtda ýüplük, boýag we jorap bölümleri hereket edýär. Önümçilik bölümlerindäki pagta süýüminden ýüplük egriji, taýýar ýüplükleri boýamaga niýetlenen hem-de jorap örüji enjamlar Ýewropa döwletleriniň önümleridir.

Sanly ulgam: zerurlyk, talap, öňegidişlik

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýan sanly özgertmeler barada Sanly ykdysadyýet — häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri. Bu ugruň ösdürilmegi ähli pudaklarda ýokary netijeleri we uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda alnyp barylýan işlerde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ministrlik degişli ugurda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde duran wezipeleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrmaga mynasyp goşant goşýar. Ine, şular dogrusynda pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň başlygy Guwanç ŞAMUHAMMEDOWA ýüz tutduk.

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, importyň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň maliýe sowatlylygyny artdyrmak babatda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bazar ykdysadyýetiniň döwrebap şertlerinde sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrmak ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornunyň pugtalanmagyna, bäsdeşlige ukyplylygynyň, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna uly ýardam edýär. Bazar ykdysadyýetiniň häzirki zaman şertlerinde maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň esasy maksatlarynyň biri hem ilatyň pul-karz we durmuş-ykdysady goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bank we maliýe hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylmagyny höweslendirmekden ybaratdyr. «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet bank» hyzmatyna birikdirip bilýär. Bu bolsa, bir tarapdan, halkymyzyň gymmatly wagtyny, beýleki bir tarapdan ýol we beýleki harajatlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.

Pudagyň rowaç menzilleri

Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde belent sepgitlere ýetilip, uly ösüşler gazanylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Taryh üçin örän gysga döwürde senagat kuwwatlyklarynyň, önümçiligiň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijileri gazanylyp, ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik binýady hem has pugtalandyryldy. Bitirilýän beýik işleriň hatarynda Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Owadandepedäki gazdan ýokary hilli benzin öndürýän senagat düzümlerini mysal getirmek bolar. Bu senagat düzümleri önüm bolçulygynyň gazanylmagyny üpjün etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desga