"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Totuguşlar barada bilýärsiňizmi?

Mähriban çagalar, sahypamyzyň şu sanynda size totuguşlara ideg edilişi barada gürrüň bermekçi. Totuguşlaryň iýmitini, suwuny wagtly-wagtyna çalşyp, iýip-içişine, özüni duýşuna gözegçilik edip durmaly. Ketejigini arassalap, aram-aram iýip-içýän gabyny gyzgyn suw bilen ýuwmaly. Şeýle-de, otagyňyzyň äpişgedir gapylaryny ýapyp, günüň dowamynda 2-3 sagat otagyň içine goýbermeli. Guşuň ýanynda gaty ses bilen aýdym aýdylsa ýa-da tozan sorujy işledilse, gorkmagy, näsaglamagy mümkin. Totuguşuň ketegini Gün şöhlesiniň düşýän ýerinde goýmak maslahat berilmeýär. Olar oýnawaç oýnamagy halaýarlar. Ketejige salan oýnawaçlaryňyzy wagtal-wagtal çalşyp dursaňyz, guşjagaz täze oýnawaç bilen güýmener. Onuň ýüregi gysmaz ýaly söhbetdeş bolsaňyz, ketejiginiň içinde sallançak, aýnajyk, jaňjagaz asyp goýsaňyz gowy görýändir.

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäresi geçirildi

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. DÖWLETLI BAŞLANGYJA BADALGA BERILDI

Tebigaty aýalyň!

«7/24.tm», №45 (76), 08.11.2021. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde el bilen döredilen ýaýlalar gök öwüsýär. Çünki daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak ýurt syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 8-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Gözel tebigatyň bezegi

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurdan ýurdumyzda hemmetaraplaýyn we düýpli ylma esaslanýan işler yzygiderli durmuşa geçirilip, gözel tebigatymyz goralýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag oturtmak işleri asylly däbe öwrüldi. Geçen şenbe güni ýurdumyzda bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, tokaý hojalyklarynda, her ýylda bolşy ýaly, taýýarlykly gelindi. Güýz möwsüminde oturdyljak bag nahallary öňünden taýýarlanylyp, olara aýratyn ideg edilýär. Şeýlelikde, bag oturdylan ýerine mazaly uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda gowy janlanyp ugraýar. Bag oturtmak dabarasyna türkmen halkynyň uludan-kiçä ähli raýatlarynyň agzybirlik bilen gatnaşmagy mähriban topraga söýgini, ata Watanymyzy jennet mekana öwürmek baradaky ýörelgelerini özünde jemleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ekilýän bag nahallary tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşar, ekologiýa abadançylygyny üpjün eder. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, bag ekmek gadymy topraga adyňy müdimi ýazmakdyr. Zähmetsöýer pederlerimiz gadym döwürlerden bäri ajaýyp baglary döretmegiň inçe syrla

Eziz Diýar — bagy-bossan

Te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Mil­li hem-de äh­lu­mu­my möç­ber­de eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň bäh­bi­di­ne ýur­du­myz­da şä­her­le­riň we oba­la­ryň tö­we­rek­le­ri­ni, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ry­nyň ýa­ka­la­ry­ny ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek iş­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan «Türk­me­nis­tanyň Mil­li to­kaý Mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yn­ha, 6-njy no­ýabr­da ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Şeý­le äh­mi­ýet­li da­ba­ra türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­lik bi­len gat­naş­ma­gy asyl­ly däp­le­re we ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny özün­de jem­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Mu­nuň özi yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak we do­ly de­re­je­li ýa­şa­ýyş hem-de dynç alyş üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek we­zi­pe­le­rin­den yba­rat­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dün­ýä de­re­je­li fo­rum­lar­da, şol san­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­rin­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry daş­ky gur­şa­wyň hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ral­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Bu parasatly baş­lan­gyç­lar hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň giň gol­da­wy­na my­na­syp bo­lup, bi­le­lik

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 08-ne bolmagyna garaşylýan HOWA MAGLUMATY

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 40 — 60 %. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 718 mm, çyglylygy 45 — 65 %. 

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 6-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -3° sowuk, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 744 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Tebigat hakdaky pikirler

■ Tebigatda hiç hili tötänlik ýokdur. ■ Tebigaty goramak — Watanyňy goramak.

Tebigata gözellik we tämizlik ýaraşýar

Şu gün ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik çäresine işjeň gatnaşýarlar. Bu çäre ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysyny ekmek boýunça bahar paslynda geçirilen bag ekişligiň dowamydyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak işleriniň güýzki tapgyrynda hem saýaly we miweli daragtlaryň millionlarça düýbi ekiler. Ildeşlerimiziň bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeň goşulmaklary Watana bolan söýgüleriniň tebigat bilen sazlaşykly utgaşýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ýylyň başynda ekilen daragtlar eýýäm topraga köklerini mäkäm urdular. Nahallaryň müňlerçesi ildeşlerimiziň mähriban Watanymyza bolan çäksiz buýsanjynyň we söýgüsiniň nyşany bolup ösýär. Geçen ýyllarda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň etegindäki 8 gektar çemesi ýeri eýeleýän meýdanda, Çärjew etrabynyň çägindäki saglyk ýolunyň ugrunda, täze gurlup, ulanylmaga berilýän binalaryň daş-töwereklerinde bag daragtlarynyň uly toplumy döredi. Şäherlerimiz we olaryň etekleri, ýaşaýan we işleýän ýerlerimiz, ýollaryň boýlary bagy-bossanlyga bürenýär. Amyderýanyň boýlarynda, Garagumuň sähralarynda, Köýtendag sebit

Daragtlaryň saglyga täsiri

Şu gün ýurdumyzda güýzki bag ekişligine badalga berilýär. Bu sogaply işe biziň okuw mekdebimiziň talyplary we mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Biz mekdebimiziň ýerleşýän köçesiniň ugrunda we howlusynda miweli we saýaly daragtlaryň nahallarynyň ýüzlerçe düýbüni oturtmagy göz öňünde tutýarys . Bu nahallaryň köpüsi mekdebimiziň howlusynda ýetişdirilýär. Biz her möwsümde ekýän daragtlarymyzyň estetiki bezegine, daşky gurşawa we ynsan saglygyna ýetirýän täsirine aýratyn üns berýäris. Şuňa görä arça, söwüt, derek ýaly daragtlaryň we olaryň miweleriniň käbiriniň saglyga ýetirýän täsiri we bejerijilik häsiýeti dogrusynda söz açmagy makul bildik. Arçanyň miwesi we pürleri dermanlyk maddalara baýdyr. Onuň miwesi gyzdyrma, degna dartgynlygy, guragyry, gijilewük, demrew ýaly keselleri bejermekde gadymdan bäri ulanylyp gelýär. Arçanyň efir ýagyndan taýýarlanylýan çalgy ýagy deri kesellerinden saplanmakda, böwrek kesellerini we garnagyryny bejermekde peýdalanylýar. Arça ýagynyň ysy siňekleri ürküzýär hem-de zyýansyzlandyryjy serişde bolup hyzmat edýär.

Bag ekseň — ömrüň baky

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyz Aşgabatda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bag nahallarynyň ýene-de millionlarça düýbi oturdylar. Mälim bolşy ýaly, 1-nji noýabrda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynda bu möwsümde göz öňünde tutulan bag ekmek dabarasyna öz wagtynda taýýarlyk görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä giňişliginiň bähbidine gönükdirilen çäreleri hem öz içine alýar. Şunda arassa ekologiýa gurşawyny döretmekligi bu ugurda alnyp barylýan möhüm ähmiýetli işleriň hatarynda görkezmek bolar. Hut şu maksat bilen hem ýurdumyzda her ýylda ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna badalga berilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksa

Şu gün güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilýär

IL BÄHBITLI ÝÖRELGE Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, ony goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Arkadag pähiminden dörän bossanlyk

(Çeper publisistika) Atgyrlan ýaýlasyndan günbatarda, Amyderýanyň geçmişde Sarygamşyň üsti bilen Hazara guýýan döwründäki iki golunyň — Tüniderýanyň hem-de Derýalygyň aralygy, umumylykda, «Bötendag düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürler derýanyň boz bulançak suwundan ganyk bu toprak bag-bossanly mekan bolupdyr. Soňra derýanyň öz akym ugruny üýtgetmegi bilen, bu ýerler gugaryp ýatan çölüstana öwrülipdir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Atgyrlan ýaýlasy doly özleşdirilip, medeni zolaga öwrüldi. Bu ýerde birnäçe obalar döräp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasyly öndürilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 5-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +6... +8° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Baglar — täsin dünýä

Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň tutuş meýdanynyň 38 million kwadrat kilometrinden gowragyny tokaýlyklar eýeleýär. Ýöne bu san ýyl geldikçe azalýar. 200 ýyl öň bu san 60 göterime deň bolupdyr. Ine, şunuň özi-de bag ekmegiň wajyplygynyň ýönekeýje görkezijisidir. Biz hem agaçlar bilen baglanyşykly käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. 2017-nji ýylda dünýä ýüzündäki agaçlaryň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri halk köpçüligine hödürlenildi. Ol «Global Tree Search» onlaýn maglumat bazasynda internet okyjylaryna elýeterli edildi. Bu ählitaraplaýyn baha berlişige gatnaşan alymlar muzeýlerdäki, botanika baglaryndaky, oba hojalyk merkezlerindäki maglumatlaryň esasynda häzirki wagtda dünýäde agaçlaryň 60 müň 65 görnüşiniň bardygy baradaky netijä geldiler. Olaryň ýarysyndan gowragy diňe aýratyn bir ýurtda ösýän agaçlardyr. Braziliýa, Kolumbiýa we Indoneziýa agaçlaryň iň köp görnüşleriniň ösýän ýurtlarydyr. Endemik (diňe bir ýurtda ösýän) agaçlar Braziliýada, Awstraliýada, Hytaýda, Gwineýada we Madagaskarda köpdür. Munuň özi olaryň beýleki ýurtlar bilen arasynyň suw arkaly açyklygy bilen baglanyşyklydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 4-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Gezsem, dünýäni görsem

Baglarynda guşlar saýraýar 1929-njy ýylda döredilen Botanika bagy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durky täzelenip, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda — Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli halk köpçüligi üçin gaýtadan açyldy. Ol häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolup durýar. 2019-njy ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine degişli edilen bu merkez 18,5 gektar meýdany eýeleýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanalarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Botanika bagynda tebigatyň gözelliklerini synlap, rahat dynç almak üçin ähli amatly şertler döredilendir.

Bagy-bossanly Diýarymyz!

Gülleýän, gül açýan gözel paýtagtymyzyň görküni has-da kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler günsaýyn täze belentlikleri nazarlaýar. Hut şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz 26-njy oktýabrdaky iş saparynda paýtagtymyzyň soňky ýyllarda sazlaşykly ösýän günorta künjeginde bolup, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda milli Liderimiz beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi. Bag ekmek işiniň ösüp gelýän ýaşlarda zähmetsöýerligi, bereketli topragymyza, onuň tebigy baýlyklaryna söýgini terbiýelemekde ähmiýeti diýseň uludyr. «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgelerimize eýerip, Gahryman Arkadagymyz kisloroda baý howany emele getirýän baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň köpeldilmegine aýratyn üns berýär. Şoňa görä-de, 2021-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp agaç nahaly oturdylar. 6-njy noýabrda bolsa ýurdumyzda güýzki bag ekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa daşky gurşawyň has-da gözelleşmegine getirer. Şeýlelikde, arassa howany üpjün edýän tokaý zo

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň rowaçlanýan Diýaryna öwrüldi. Gahryman Prezidentimiz ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, ähli ýerde arassaçylygyň, tämizligiň höküm sürmegi, tebigat gözelligi, il-günümiziň arassa howadan dem almagy, ekologiýa taýdan ýokumly önümleriň bolçulygynyň döredilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýär.