"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Şadiwanyň şuglasy

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan ...Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenler Mangyr belentligine çykypdyrlar. Onuň depesinde şu wagtlar hem etekleri bilen ýaýran uly şäheriň yzlaryny görmek bolýar. Bu ýere Mangyr gala diýilýär, ýöne onuň esasy ýörgünli ady Halapdyr. Ol Siriýadaky köne Halap şäheriniň adydyr. «Şasenem — Garyp» dessanynda bu şäheriň ady getirilýär. Bu ýerde ýene iki sany orta asyr şäheri bolup, olar Amyderýanyň Sarygamyş kölüniň etegindäki köne hanasynyň ugrunda ýerleşýär. Biri-birinden gatybir uzakda bolmadyk bu şäherlere dessandan alnan atlar dakylypdyr. Olar Kawkazda hem-de Türkiýede meşhur bolan Şamahy hem-de Diýarbekir şäherleriniň atdaşlarydyr. Orta asyr şäheri bolan Suwburun şäheriniň galyndylary sebitiň günortasynyň we Garagum çölüniň araçäkleşýän ýerinde ýerleşýär. Ol türkmen däbine görä, gadymdan bäri ýöne Şasenem diýlip atlandyrylýar. Bu zatlaryň hemmesi dessanyň nähili meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.

Gadymy medeniýetiň gymmatlyklary

Hytaý irki döwürlerden bäri dünýäde ösen medeniýetiň merkezi hökmünde tanalýar. Muňa biziň günlerimize çenli gelip ýeten ençeme gadymy ýadygärlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle gymmatlyklaryň biri hem «Terrakota goşuny» ady bilen belli bolan hytaý imperatory Sin Şi Huan-diniň ýadygärlikler toplumydyr. Terrakota — gyzylymtyk-goňur reňkli bişirilen toýun bolup, bu gadymy künjekde toýundan ýasalan heýkelleriň örän köpsanlysy tapylýar. 1974-nji ýylyň mart aýynda Sian şäheriniň golaýynda, Lişan dagynyň gündogar böleginiň ýakynlarynda ýerli burawlaýjylar gadymy gubruň üstüni açýarlar. Imperator Sin Şi Huan-dine degişli bolan gubur gündogar tarapa 1,5 kilometre uzap gidýän, daşky diwarlarynyň perimetri 6 kilometre deň bolan giňişlikde ýerleşipdir. Bu ýerde 1978 — 1984-nji ýyllarda birinji, 1985 — 1986-njy ýyllarda ikinji, 2009-njy ýylda bolsa üçünji arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Netijede, arheologlar tarapyndan ýadygärlikler toplumynda bişen toýundan ýasalan esger heýkelleriniň 8000-den gowragy, atlaryň heýkelleriniň 100-si, söweş arabalarynyň şekilleriniň 18-si tapylýar. Atlaryň heýkelleriniň her biriniň agramy 200 kilograma, esger heýkelleriniňki bolsa 135 kilograma ýetip, olar ýasalan wagtlarynda toýun ilki bişirilip, soňra dürli reňkler bilen boýalypdyr. Ýöne ol boýaglaryň reňki wagtyň geçmegi bilen bütinleý öçüpdir. Şeýle hem, her bir adam heýkeliniň ýüzüniň b

Hazynadaky täsinlikler

Taryhyň köp syrlaryny özünde jemleýän Kaka topragy Namazga depe, Altyndepe, Ulugdepe, Hysrowgala, Mäne Baba kümmeti, Kufen gala, Hywabat, Garahan gala, Kaka medresesi, Sandykly Baba, Bedene galasy ýaly onlarça taryhy ýerleri bilen uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerleriň taryhy syrlaryny öwrenip, asyrlaryň geçmegi bilen ýer astynda galan milli gymmatlyklary ýüze çykarmakda etrabyň «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasy uly işleri alyp barýar. Goraghananyň etrap merkezinde ýörite muzeý gaznasy bolup, onda ady agzalan taryhy ýerlerden tapylan milli gymmatlyklar aýawly hem ygtybarly saklanýar. Muzeý gaznasynda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleri, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, zähmet gurallary, öý-hojalyk işleri üçin zerur bolan enjamlar, körpe nesillere niýetlenip ýasalan gadymy nusgalar beýanyny tapýar. Mirasgär A.Halmyradow «Gadymy Abiwerd» atly kitabynda Altyndepäniň dünýäniň taryh ylmyndaky meşhur Şumer we Wawilon, gadymy Hindi, gadymy Hytaý siwilizasiýasy bilen deň hatarda durýandygyny belleýär.

Gadymy galalar

Ýergala — Gökdepe demir ýol menzilinden günbatarda ýerleşýär. Daşky alamatlary boýunça Ýergala uly bolmadyk berkitmäniň harabalygydyr. Galanyň diwarlary ýumrulyp, seňňere öwrülipdir, onuň ortasynda giň çöketlik bar. Depäniň gurluşy taraplary 49x49 metr bolan inedördül görnüşlidir. Günorta-günbatar tarapynyň ortasynda giçki döwürde gazylan garym arkaly zaýalanan girelgäni görmek bolýar, diwarlary pagsadan galdyrylyp, onuň esasynyň ini 1,8 m, ýokarsy ep-esli inçelýär. Daşky görnüşinden çen tutsaň, diwarlarynyň beýikligi, takmynan, 3 metr bolupdyr. Häzirki wagtda olaryň beýikligi 1,3 metrden geçmeýär. Berkitmäniň burçlarynda süýri görnüşli diňler gurlupdyr. Galanyň içinde hiç hili desganyň yzlary görünmeýär. Onuň ortasyndaky medeni gatlagyň galyňlygy bary-ýogy 20-30 santimetr bolup, içinde arheologiýa tapyndylar juda az duşýar. Tapylan küýze önümleriniň böleklerini iki topara bölmek mümkin. Birinji toparyň gap-gaç bölekleriniň ýaşy iki müň ýyla golaý, ikinji topardakylaryňky iki-üç asyryň çäklerindedir hem-de berkitmäniň döwri bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Onuň senesi XVII — XIX asyrlar bilen kesgitlenilýär. Köne Ahal — Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz obasynyň çäklerinde ýerleşýär. Ylmy edebiýatda ol Kümmetliýaýla ady bilen hem duşýar. Galanyň daşyna pagsadan galdyrylan beýik diwar aýlanypdyr. Gala diwary gönüburçly görnüşde gurlup, alty sany diň bilen berkidilipdir

Şadiwanyň şuglasy

Eziz Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan ...Bu sebitiň demirgazyk çetinde Döwkesen şäheri bar. Onuň gala diwarlary hem-de binalary Üstýurt tekizliginiň üç sany eňňit ýerinde gurlup, bu ýerden ýokary galyp, howalanyp görünýär. Oňa «Arwahlaryň kesen galasy» — Döwkesen diýilýär. Bu gadymy ilatly ýeriň taryhy has ir döwürlerden, biziň eýýamymyzdan öňki VI — III asyrlardan başlanýar, alymlar onuň Wezir şäheri bolandygy hakynda belläp geçýärler. Bu şäheriň kuwwatly içki galasy hem-de ybadathanasy bolup, ol orta asyrlarda hem ýaşapdyr. Onuň üstünden Russiýa tarap kerwen ýollary geçipdir. Şäheriň köne sudurynda tekizligiň iň çetinde uly şäher ybadathana metjidiniň galyndylary saklanypdyr. Onuň ýanynda hem iki sany aramgäh bar. Olaryň gurulmagyny meşhur Perhat bilen Şiriniň atlary bilen baglanyşdyrýarlar. Rowaýatlaryň birinde Derýalyk hem-de Sarygamyş çäklerinde, Amyderýanyň gadymy hanasynyň ugrunda ir zamanlarda kuwwatly Edhem şanyň hökümdarlyk edendigi gürrüň berilýär. Şol patyşanyň Şirin atly owadan gyzy bar ekeni. Oňa daş ýonujy Perhat hak aşyk bolup, gyz hem ony ýürekden söýüpdir. Patyşa gyzyny daş ýonuja durmuşa çykarmak islemeýär, ýöne birden garşy bolup, gyzynyň göwnüne degmegi hem unamaýar. Şonuň üçinem Üstýurt gaýalarynyň eňňidinde uly ýap gazyp, ýokarsynda berkitme guran adama gyzymy berjek diýip ygl

Mohenjo-daro

Häzirki Pakistanyň Sind welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärligi Mohenjo-daro alymlar tarapyndan Ýer ýüzüniň irki medeniýet gatlagyna degişli edilýär. Ol, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki 3300-nji ýyllarda «Harappa medeniýeti» ady bilen belli bolan, häzirki Hindistanyň, Pakistanyň ýerlerinden başlap, günorta Aziýanyň çäklerine çenli ýaýran gadymy ýadygärlikler toplumynyň ilkinji nusgalarynyň we iň ulularynyň biri hasaplanylýar. Mohenjo-daro biziň eýýamymyzdan öňki 2500-nji ýyllarda gurlup, ol gadymy Müsür, Mesopotamiýa ýaly irki medeniýet ojaklary bilen döwürdeşdir. Şäheriň başky atlandyrylyşy näbelli bolup, «merhumlaryň baýyrlygy» diýen manyny berýän Mohenjo-daro ady ýerli halk tarapyndan dakylypdyr diýlip çaklanylýar. Şäher ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşişi we desgalarynyň gurluşygy boýunça öz döwrüniň ýokary derejeli ösen merkezi bolupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki XIX asyrda bu ýerlerde ilatyň ýaşaýyş derejesiniň pese düşmegi sebäpli şäher terk edilipdir, ol hakynda, takmynan, 3700 ýyllap maglumat bolmandyr. 1920-nji ýylda bu ýadygärlikler toplumynyň üsti açylyp, arheologik gazuw-agtaryş işleri başlanýar. Mohenjo-daroda dürli wagtlarda, ýagny, 1924 — 1925-nji ýyllarda K.N.Dikşitiň, 1925 — 1926-njy ýyllarda J.Marşalyň, 1930-njy ýyllarda bolsa D.K.Dikşitaryň, Marşalyň ýolbaşçylygynda düýpli barlag işleri alnyp barylýar. Şol gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy