Ata Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine
Eziz Diýarymyzyň syýasy durmuşynyň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň depgini barha ýokarlanýar. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimizň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň täzeçillik häsiýetini aýratyn nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda innowasion ugur boýunça milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek hem-de döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek, sanlylaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmek hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatdaky bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny kesgitledi. Milli Liderimiz dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigine ünsi jemledi. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady kuwwaty has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň baş maksadydyr. Bu ata Watanymyzy gülläp ösüşe, ählumumy bolçulyga we abadançylyga alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabi