Durnukly ösüşiň möhüm ugry

18 Fewral 2021
1043

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň binýadynda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça täzeçe çemeleşilmegine şert döredýär.

Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Ýaşlaryň okamagy we zähmet çekmegi, durmuş taýdan goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, «Bilim hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Aýmämmet ANNAORAZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dosenti, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar