Bagtyýarlygyň aýdyň nyşany

18 Fewral 2021
859

Döwlet özygtyýarlygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy, ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar berkidilen.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Bu taryhy sene ähli ildeşlerimizi buýsanja besleýär, göwün guşuny ganatlandyrýar. Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň örän arzylydygy medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgusynda beýan edilendir. Şahyryň: “Berkarar döwlet islärin” diýen arzuwynyň Garaşsyz döwletimizde amala aşandygynyň mysalynda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde has rowaçlanýandygynda aýdyň görünýär.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar