Üstünlige rowana

18 Fewral 2021
955

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Bedew bady bilen öňe batly gadamlar urýan mähriban Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.

2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde ýene bir şatlykly habar yglan edildi. Ýagny, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Netijede iň gowy etrap diýlip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby saýlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu etrabyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda degişli resminama gol çekmegi bizi şatlandyrdy.

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar