Ata Watanymyzyň we eziz halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine

18 Fewral 2021
990

Eziz Diýarymyzyň syýasy durmuşynyň hem-de Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň depgini barha ýokarlanýar. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimizň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň täzeçillik häsiýetini aýratyn nygtamak gerek. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda innowasion ugur boýunça milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek hem-de döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek, sanlylaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmek hem-de halkara gatnaşyklaryny giňeltmek babatdaky bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny kesgitledi. Milli Liderimiz dürli pudaklary ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň täzeçil usullaryna we ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan ägirt uly hem-de sazlaşykly işleriň ýerine ýetirilmelidigine ünsi jemledi. Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de halkara abraýyny artdyrmak we ykdysady kuwwaty has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň baş maksadydyr. Bu ata Watanymyzy gülläp ösüşe, ählumumy bolçulyga we abadançylyga alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatlarynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine hem-de şu ýyl üçin halk hojalyk pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy. Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Eziz Diýarymyzyň ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýetini üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. 12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär. Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we durmuş maksatly desgalar, şol sanda umumy meýdany 2 million inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga tabşyryldy. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyz gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi hem-de Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerurdyr. Diýmek, köp başlangyçlar bilen çykyş edip, işjeň zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Beýleki habarlar