Milli ösüşiň täze belentlikleri
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän senesine uly şatlyk hem täze ösüşler, döretmek, gurmak hakyndaky maksatlar, uly arzuwlar bilen barýarys. Eziz Diýarymyzda ertirki günleriň bu günküden has gowy boljakdygyna bolan mizemez ynam bizi täze döredijilige ruhlandyrýar. Şeýle ösüşleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli döwletli işleri, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi, agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti bar. Ajaýyp mukam ýaly kalby gandyrýan bahar pursatlary bizi bütin ýylyň dowamynda ajaýyp ahwallaryň nyşany deýin, täze ruhlanyşa besleýär. Türkmen ýaýlasyna bahar üýtgeşik gelşik berýär, zehinleri joşdurýar. Türkmen halkynyň ykbalyna baharyň mahmal ahwalyny bagyşlan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyz taryhy ösüşimiziň täze, deňi-taýy bolmadyk gymmatly tapgyryna badalga berdi. Garaşsyzlyk bahary durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ösüş-özgerişiň sergin şemalyny, älemgoşar öwüşginleri ýaly köpugurly we reňbe-reň ösüşi, jemgyýete raýatlyk buýsanjy bilen, öz mähriban Watanyňy ösdürmegiň hatyrasyna döredijilikli işlemegi, täzeden janlanyşy getirdi. Ýere atylan tohum şineleýär, köki çuňluklara uzaýar, gögerýär, nahal tutýar, berkeýär, taplanýar, miwä durýar. Garaşsyzlyga eýe bolan Türkmenistan Watanymyz bu gün geljekki ösüşiniň şerti hökmünde köküni topragyň çuňluklaryna ýaýyp, berdaşly gollary göge sary uzap gidýän berk, synmaz daragta