Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylymyzy mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Çünki parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak, dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgesidir.
Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine ýokary baha berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär» diýip belleýär.