Onlaýn maslahaty geçirildi

18 Mart 2021
849

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň guramagynda onlaýn maslahaty geçirildi. Maslahat GDA döwletleriniň arhitektorlary bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda boldy.

Maslahatyň geçýän ýerinde bu ýokary okuw mekdebiniň häzirki zaman we orta asyryň taryhy bilen baglanyşykly eksponatlarynyň we suratlarynyň sergisi hem guraldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar