Ýürek joşa gelýär, göwün galkynýar, Gül Diýarda ak daňlarymyz atanda

17 Mart 2021
938

Mähriban Watanymyzda gazanylýan her bir üstünlik, ädilýän şowly ädim, amala aşyrylan, aşyryljak beýik işler biziň buýsanjymyz, guwanjymyz. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şeýle şatlykly günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çünki hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhasly, tutanýerli tagallasy, bimöçber aladasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guran medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarynyň ençemesi açylyp, ulanmaga berler. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmekde, şu ýyl esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýan paýtagtymyz Aşgabatda tapgyrlaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde hususy gurluşyk kärhanalaryna uly orun degişlidir.

«Esger».
Beýleki habarlar