Watana wepalylyk duýgusy bilen

17 Mart 2021
672

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat gümrükhanasynda «Watana wepalylyk parahatçylygyň we ynanyşmagyň gözbaşydyr» atly maslahat geçirildi. Oňa gümrükhananyň we gümrük nokatlarynyň harby gullukçylary gatnaşdylar.

Maslahatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň üstünlikli durmuşa geçirilişine, harby syýasatymyzyň we harby strategiýamyzyň netijeli amala aşyrylyşyna, şanly senelere görülýän taýýarlyklara bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Olarda, esasanam, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny berjaý etmegiň ugurlary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şol sanda gümrük edaralarynda gulluk işlerini sanlylaşdyrmak, gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak we bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gümrük gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, Watan goragçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýeti barada uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna çuňňur hoşallyklar we egsilmez alkyşlar aýdyldy.

Hudaýberdi NIÝAZOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar