"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Gelse Nowruz äleme...»

Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Halkara Nowruz gününiň ajaýyp däp-dessurlary häzirki wagtda döwrebap dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylyň Nowruzynyň öňýany tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyny geçirmek, köpçülikleýin ýowar edip daş-töweregi tämizlemek, ähli babatda päklenip Nowruzy garşylamak asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Şol däbe eýerilip, şu ýyl hem Milli bahar baýramynyň we Halkara Nowruz gününiň öňýany, ýagny 20-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän «Garagum» myhmanhanasynyň golaýynda täze döredilýän seýilgähde ilkinji düýp agaç nahalyny oturdyp, ak pata bermegi bilen, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekişligiň öňýany Döwlet senamyzyň owazy astynda ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy hemmelere Nowruza mahsus täze ruhy joşgun eçildi. Şol gün paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň ýaşaýjylary miweli, pürli we saýaly baglaryň, üzüm nahallarynyň ýüzlerçe müň düýbüni ekdiler, öňden bar bolan baglara timar berdiler. Özleriniň ýaşaýan we işleýän ýerlerini tämizläp, ruhlaryny päkläp, 21-nji martyň ir säheri — Nowruz güni dogan nurly Güni ýagşy dileglerdir umytlar bilen garşyladylar. Ýurdumyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylary hem şol gün Garagum derýasynyň gözel kenarynda uly ruhubelentlik bilen Halkara Nowruz gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň toý şowhunyna goşu

Goý, ýaňlansyn bitaraplyk mukamy!

Döwlet Baştutanymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy» diýip ýazyşy ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli ugurlar babatda durnukly ösüşi gazanmagymyzda ygtybarly daýanjymyzdyr. Alyp barýan her bir işimizde yhlasymyzy artdyrýan kuwwat çeşmesidir. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara derejesinde abraýynyň artmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Çünki hemişelik Bitaraplyk — munuň özi asuda ýaşaýşyň, agzybir durmuşyň, ertire bolan ynamyň kepillenmesidir, arkaýyn okamak, öwrenmek, döretmek mümkinçiligidir. Hemişelik Bitaraplyk — baky abadançylykdyr! Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilen 2020-nji ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende göterdi. Çünki hemişelik Bitaraplygymyz hem edil ýurt Garaşsyzlygymyz ýaly dabarasy soňlanmajak mukaddeslikdir.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Eşretli zamanada bagtly günleriň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz berkarar Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýan, şanly seneleriň dabaralara beslenmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýar. Elbetde, şanly seneler Watanyň, halkyň taryhy geçen ýoly bilen bagly bolýar. Ynha, bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen paýtagt şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellener. Bir hakykata ünsi çekmek isleýäris. Paýtagtymyz Aşgabat gözümiziň alnynda düýpgöter özgerip, merjen şähere öwrüldi. Bu bolsa, ilki bilen, ýurdumyzyň ykdysady taýdan uly üstünlige beslenýändiginiň aýdyň beýanyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn ýyllar üçin bellenilen ýetilmeli belent sepgitler, aýratyn hem ýurdumyzyň gurluşyk işlerini ösdürmek barada kabul eden Kararlary Watanymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarydygyny äşgär etdi. Bu beýik işler öňde duran wezipeleriň has belent tutumlydygyna şaýatlyk edýär. Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de, durmuş we medeni maksatly ymaratlaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň dünýä ylmynyň iň täze gazananlary esasynda öndürilen enjamlar esasynda bina edilenligidir.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli bahar baýramy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenýän Milli bahar baýramy türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, hoşniýetlilige we ynsanperwerlige esaslanýan milli ýol-ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar, raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň alyslara ýaň salýan şatlyk-şagalaňy, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar» diýlip bellenilýär. * * *

Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar

Milli bahar baýramynyň dabaralandyrylan hepdesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz we baky gymmatlyklary baş ýörelge edinýän parahatçylyksöýüjilik, açyklyk, hoşniýetlilik we döredijilik ýörelgelerine esaslanýan syýasatyny açyp görkezýän wakalara baý boldy. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamalary, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň möhüm şertidir.

Ýoluň ak bolsun, Aşgabat!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan ýylynyň Nowruzynda taýçanak dünýä indi. Milli Liderimiz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger at taýçanaklasa, bu habar edil çaga dünýä inen ýaly, çar töwerege buşlanypdyr. Atda lakam diýen zat bolmandyr, diňe at goýlupdyr. Olaryň nesil daragty hem edil ynsanyňky ýaly — ogul, gyz, agtyk, çowluk diýlip atlandyrylypdyr... Türkmenlerde: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähim bar». Täze günüň, täze ýylyň buşlugy bolup dünýä inen taýçanaga hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bilen baglylykda, Aşgabat diýip at goýmagy parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanynyň, onuň merkezi şäheriniň bedew batly ösüşleriniň, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň nyşany boldy.

Geldi nowruz ilime...

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň ikinji güni hem paýtagtymyzda, şeýle-de welaýatlarymyzda uly ruhubelentlige beslendi. Aşgabadyň gözel künjegi bolan Garagum derýasynyň kenarynda guralan baýramçylyk dabaralary köpöwüşginliligi bilen tapawutlandy. Merdana halkymyzda «Toý bezegi bagşydyr» diýilýär. Ine, baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerinde älemgoşaryň şekili bilen bezelen owadan sahna. Sahnada bagtyýar çagalar şadyýan tans edýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa bolsa özüniň ajaýyp aýdymlary bilen märekä şatlyk paýlaýar. Zehinli aýdymçy joşgunly çykyşyny tamamlandan soň, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, şeýle diýdi:

Paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär

20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbi ekiler. Olaryň hatarynda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň dürli görnüşleri bar. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Ata Watan — gözelligiň mekany

Ählihalk bag ekmek dabarasy, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hakyky zähmet baýramçylygyna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça öňde goýýan wezipelerine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiz geçen şenbe güni ählihalk çäresine ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýazky bag ekmek dabarasy welaýat merkezi Balkanabat şäherinde Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çäreleri bilen utgaşyp, ýokary guramaçylykly geçirildi. Welaýat merkezindäki köpugurly sport toplumynyň golaýynda, Uly Balkan dagynyň eteginde guralan köpçülikleýin çärä bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, talyp ýaşlar hem-de welaýat merkeziniň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatda edýän taýsyz tagallasy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Bagtyýar durmuşa egsilmez söýginiň beýany

Milli bahar baýramy welaýatymyzda uly dabaralara beslendi Türkmen halkynyň umumy öýümiz bolan tebigata, joşgunly durmuşa bolan synmaz söýgüsini, parahatçylyk, abadançylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ynsanperwer gymmatlyklaryny özünde jemleýän, şeýle-de adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde ählumumy ykrarnama eýe bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzda hem çuň mazmunly dabaralar bilen ýokary ruhubelentlikde bellendi. Magtymguly etrabynyň ýaşyl begres geýnip, läle-reýhana beslenen, gaýtalanmajak tebigy gözellikleri bilen umumadamzat şahyry diýlip ykrar edilen beýik Magtymguly Pyragynyň ylham joşgunynyň gözbaşyna öwrülen ajaýyp Sumbar jülgesinde welaýat derejesinde ýaýbaňlandyrylan dabaraly çäre munuň buýsançly subutnamasy boldy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

DÖWRANLY DÖWRÜŇ BATLY GADAMLARY Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Amala aşyrylýan tutumly işler merdana halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yzygiderli ösýän jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Nowjuwanlygyň, täzelenişiň toýy

Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetlilik we birek-birege ynanyşmak ýaly milli dünýägaraýyşlaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirip gelýän milli baýramlaryna, däp-dessurlaryna aýratyn uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen baýramçylyk dabaralary medeniýetimiziň, milli mirasymyzyň köp öwüşginliligini we gadymylygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Şonuň ýaly-da «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyzyň şanly taryhyndan gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamatynyň dowam bolýandygyny dabaralandyrdy.

Arkadagyň gudraty sen, Aşgabat!

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dünýä ýaň salýan Aziýanyň merjeni we göwher gaşy bolan Aşgabadyň döredilenine «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyl dolýar. Şeýle taryhy pursatlarda Aşgabadyň geçen taryhy ýoluna gysgajyk göz aýlamak has ýerlikli bolar. Aşgabat 1881-nji ýylda gadymy Ashabat galasynyň ornunda harby berkitme hökmünde gurulýar. Ashabadyň ösmegi we onuň barha giňemegi, ilatynyň sanynyň artmagy 1885-nji ýyldan, ýagny bu ýere Zakaspiý harby demir ýolunyň çekilmegi bilen başlanýar. Şol wagta çenli şäher şeýle bir uly bolmandyr we ol, esasan, iki köçäniň ugrunda ýerleşipdir. Köpetdagyň üsti bilen Ashabada Eýrandan kerwen ýoluny çekipdirler. Ashabatdan Türkmenistanyň günbatar we gündogar ýaýlalaryna tarap ýollar şahalanyp gidipdir. Göni Garagum çölüniň üstünden geçýän kerwen ýollary Hywa we Buhara alyp barypdyr. Bir söz bilen aýdylanda, şäherde halkara ähmiýetli ýollar birleşipdir.

Aşgabat — geljegiň şäheri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Türkmenistanyň ähli künjekleri, şäherlerimizdir obalarymyz, ak mermerli paýtagtymyz düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Aşgabat — mermer öwüşginli merjen şäher. Döwlet baştutanymyzyň taýsyz tagallasy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi ähli ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. Şu ýyl bolsa mähriban halkymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly şatlyk bilen belläp geçer. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, abadançylygyň, ynsanperwerligiň, beýik ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň tutýan orny has ýokarlandy. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki bitirilýän beýik işler, amala aşyrylýan iri taslamalar ak şäherimziň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar.

Beýik işleriň eýýamy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen taryhy ýylymyzda Bitarap Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmek üçin uludan taýýarlyk görülýär. Sagdyn hem ösen jemgyýeti esaslandyrmagyň, ony milli ruhda galkyndyrmagyň baý tejribesini toplan Garaşsyz döwletimiz durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda beýik işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyryp, şöhratly täze eýýamy kemala getirdi. Gysga döwrüň içinde mähriban Watanymyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslary has-da pugtalandyryldy. Halkymyzyň medeni we ruhy durmuşyndaky özgertmeler, taryhy wakalar, şan-şöhratly pursatlar ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde, döredilýän edebi we sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň häzirki keşbi doly açylyp görkezilmelidir. Mähriban halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşy, egsilmez maddy hem-de ruhy mümkinçilikleri, belent ruhy we synmaz erki beýan edilmelidir» diýen sözlerinden ugur alnyp ähli ulgamlarda we pudaklarda baýramçylyga döredijiligiň uly joşguny bilen taýýarlyk görülýär. Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda önjeýli işleýän zähmetkeş halkymyz bu şanly senelere uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Buýsançly şu günümiz, ýagty geljegimiz halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gaza

Wysal tapan arzuwlar

Şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanlylar täzelenişiň we rowaçlygyň dabaralanmasyny özünde jemleýän Nowruzy garşyladylar

AŞGABAT, 21-nji mart (TDH). Şu gün halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy. Paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralýan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar we beýleki adamlar ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.

Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip at berlen 2021-nji ýylyň Halkara Nowruz güni dünýä jemgyýetçiliginde agzybirlik we ynsanperwerlik ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar. Ýer ýüzüniň 300 milliondan gowrak ilaty tarapyndan milli baýram hökmünde bellenilýän Nowruzyň birek-birege hormat goýmagyň, parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň beýik ideýalaryny özünde jemlemegi onuň tutuş adamzadyň gymmatly mirasy hökmünde sarpalanmagyny şertlendirýär. Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gazetimiziň üsti bilen türkmen Liderine we ähli halkymyza tüýs ýürekden çykýan hoşniýetli arzuwlaryny beýan edýärler.

Ýaýla ýaraşygy — ýaz

AHALDA Milli bahar baýramynyň welaýatda geçirilen esasy dabaralary Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynda ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan “Ahal ýaýlasyna Nowruz gelipdir” atly dabara sebitiň ähli ýerinden bagtyýar ildeşlerimiz gatnaşdy.

Bagtly geljegiň röwşen ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleri yzygiderli artýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň iki aýynda ykdysadyýetde gazanylan netijeleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinden hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Hususan-da, nebiti gaýtadan işlemek, benzini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, öndürmek, nebiti we ugurdaş gazy çykarmak, «mawy ýangyjyň» eksportyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimizgurluşyk we senagat toplumyna maýa goýumlaryny çekmek bilen, şol bir wagtda pudaga degişli edara-kärhanalaryň hususylaşdyrylmagyny çaltlandyrmak barada tabşyryklary bermegi ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylýandygyny ýene-de bir mertebe aýdyň görkezýär.