Beýik işleriň eýýamy

22 Mart 2021
696

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen taryhy ýylymyzda Bitarap Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçmek üçin uludan taýýarlyk görülýär. Sagdyn hem ösen jemgyýeti esaslandyrmagyň, ony milli ruhda galkyndyrmagyň baý tejribesini toplan Garaşsyz döwletimiz durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmakda beýik işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyryp, şöhratly täze eýýamy kemala getirdi. Gysga döwrüň içinde mähriban Watanymyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslary has-da pugtalandyryldy. Halkymyzyň medeni we ruhy durmuşyndaky özgertmeler, taryhy wakalar, şan-şöhratly pursatlar ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde, döredilýän edebi we sungat eserlerinde eziz Watanymyzyň häzirki keşbi doly açylyp görkezilmelidir. Mähriban halkymyzyň erkin we bagtyýar durmuşy, egsilmez maddy hem-de ruhy mümkinçilikleri, belent ruhy we synmaz erki beýan edilmelidir» diýen sözlerinden ugur alnyp ähli ulgamlarda we pudaklarda baýramçylyga döredijiligiň uly joşguny bilen taýýarlyk görülýär.

Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda önjeýli işleýän zähmetkeş halkymyz bu şanly senelere uly zähmet üstünlikleri bilen barýar. Buýsançly şu günümiz, ýagty geljegimiz halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanýan uly üstünliklerimiz bilen şertlendirilendir. Şonuň üçin hem biz öz Garaşsyzlygymyzy mukaddes saýýarys, oňa guwanýarys. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň taryhy wakalary, il-ýurt bähbitli täze tutumlary, şol sanda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly senesi mähriban halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýyllary ýyllardan zyýada gelýän ata Watanymyzda Garaşsyzlyk toýunyň iri halkara forumlary, maslahatlary, syýasy-jemgyýetçilik çäreleri, sport ýaryşlary bilen utgaşmagy onuň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, ähmiýetini artdyrýar.

Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar