Bagtyýarlygyň şuglasy

23 Mart 2021
837

Eşretli zamanada bagtly günleriň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz berkarar Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýan, şanly seneleriň dabaralara beslenmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýar. Elbetde, şanly seneler Watanyň, halkyň taryhy geçen ýoly bilen bagly bolýar. Ynha, bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen paýtagt şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uly dabaralara beslenip bellener.

Bir hakykata ünsi çekmek isleýäris. Paýtagtymyz Aşgabat gözümiziň alnynda düýpgöter özgerip, merjen şähere öwrüldi. Bu bolsa, ilki bilen, ýurdumyzyň ykdysady taýdan uly üstünlige beslenýändiginiň aýdyň beýanyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakyn ýyllar üçin bellenilen ýetilmeli belent sepgitler, aýratyn hem ýurdumyzyň gurluşyk işlerini ösdürmek barada kabul eden Kararlary Watanymyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarydygyny äşgär etdi. Bu beýik işler öňde duran wezipeleriň has belent tutumlydygyna şaýatlyk edýär. Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de, durmuş we medeni maksatly ymaratlaryň, ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň dünýä ylmynyň iň täze gazananlary esasynda öndürilen enjamlar esasynda bina edilenligidir.

Gurbandurdy ORAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar