Ata Watan — gözelligiň mekany

22 Mart 2021
820

Ählihalk bag ekmek dabarasy, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hakyky zähmet baýramçylygyna beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça öňde goýýan wezipelerine mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiz geçen şenbe güni ählihalk çäresine ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ýazky bag ekmek dabarasy welaýat merkezi Balkanabat şäherinde Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çäreleri bilen utgaşyp, ýokary guramaçylykly geçirildi. Welaýat merkezindäki köpugurly sport toplumynyň golaýynda, Uly Balkan dagynyň eteginde guralan köpçülikleýin çärä bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, talyp ýaşlar hem-de welaýat merkeziniň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar halkymyzyň bagtyýarlygy, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatda edýän taýsyz tagallasy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW, «Balkan».
Beýleki habarlar