Aşgabat — geljegiň şäheri

22 Mart 2021
956

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Türkmenistanyň ähli künjekleri, şäherlerimizdir obalarymyz, ak mermerli paýtagtymyz düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär.

Aşgabat — mermer öwüşginli merjen şäher. Döwlet baştutanymyzyň taýsyz tagallasy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi ähli ildeşlerimiziň buýsanjyny goşalandyrýar. Şu ýyl bolsa mähriban halkymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly şatlyk bilen belläp geçer. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, abadançylygyň, ynsanperwerligiň, beýik ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň tutýan orny has ýokarlandy. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki bitirilýän beýik işler, amala aşyrylýan iri taslamalar ak şäherimziň abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar