"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Ýaşlar alada bilen gurşalýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän beýik işlere mynasyp goşant goşmak ýurdumyzyň her bir raýaty bilen birlikde, ýaş nesil üçin hem mukaddes borçdur, belent wezipedir. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji ýanwarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy hem muny aýdyň görkezdi. Döwlet syýasatynda ýaş nesillere berilýän goldawyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýän bu maksatnama ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, işlemekleri, döwrebap dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Täsirliligi bilen tapawutlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Watanym — gülle Türkmenistanym» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçirilmegi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistanyň Gahrymany, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüminiň müdiri, şahyr Gözel Şagulyýewanyň täsirli gürrüňleri, okap beren goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Oňyn başlangyçlara ýokary baha

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Beýik ösüşleriň ýoly bilen

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Maksatnamany amala aşyrmagyň baş maksady ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň köpugurlylygyny gazanmak we olary innowasiýa häsiýetli ösüşe gönükdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmek üçin zerur bolan ykdysady, hukuk-guramaçylyk hem tehniki çözgütleri jemleýän ýörelgeleri, şeýle-de täze döwrebap önümçilikleri döretmekden ybaratdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, edara binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň şatlygyny has hem artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, golaýda, has takygy şu ýylyň 14-nji aprelinde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň döwrebap binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüp, özgerip has-da öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Haýyrly işiň höziri

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Türkmenistan — ygtybarly hyzmatdaş

Hormatly Prezidentimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, «Türkmen atlary» döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky «Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik» döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. «Altyn bedew» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Berkararlygyň berkdir binýady

2021-nji ýylyň 14-nji marty ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeleriň täze tapgyryna girişenligi bilen taryhyň gatlaryna ýazyldy. Şol gün Aşgabadyň günorta böleginde emele gelýän täze işewürlik-dolandyryş merkezinde dabaraly ýagdaýda açylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanylmagy halkymyzyň rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Lideriniň töweregine mäkäm jebisleşendiginiň we Gahryman Arkadagymyza pugta ynamynyň aýdyň subutnamasy boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn çykyş edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde duran anyk wezipeleri kesgitledi. Gazetimiziň şu sanynda bu taryhy mejlise gatnaşanlaryň birnäçesine söz berýäris.

Gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyz gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy, mähriban halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadançylygynyň hem-de bagtyýar geljeginiň hatyrasyna döretmek we gurmak babatdaky tutumly maksatlary netijesinde ata Watanymyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürmek we rowaçlandyrmak bilen, Bitarap döwletimiziň ýokary halkara abraýa eýe bolmagy, häzirki döwrüň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň hataryna goşulmagy Garaşsyz ýurdumyzyň täze taryhyna müdimi giren ajaýyp üstünliklerimizdir. Paýtagtymyzda, welaýatlardyr etrap merkezlerimizde, obadyr şäherlerimizde medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglygy goraýyş we sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy döwletimizde adam baradaky aladanyň ýokary derejede goýulýandygyndan habar berýär. Eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda başy başlanylan we bitirilen işleriň sanawy-da ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyna, sebitiň ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň barha berkeýändigine şaýatlyk edýär. Olara mysal hökmünde ýylyň ilkinji aýynda türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan Akina ―

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

AŞGABAT, 17-nji aprel (TDH). Şu gün ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Daş-töweregiň owadanlygy — durmuşyň abadanlygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň örän uly ähmiýeti bar. Tutuş ýurdumyz boýunça giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan şeýle işleriň netijesinde, güneşli ülkämiziň ähli künjekleri — şäherdir obalarymyz has-da owadan keşbe eýe bolýar. Milli Liderimiz şeýle çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, türkmen halkyna mahsus agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belleýär. Geçen hepdäniň şenbe gününde milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerine hem şeýle häsiýet mahsus boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň barha giňeldilýän ýaşyl zolaklarynda ekilen bag nahallaryna hem ideg edildi. Ynsan balasy hemişe-de gözellige teşne, mähre mätäç. Şoňa görä-de, ol döredijilik bilen meşgullanýar. Biz bu ýerde döredijilik diýip, diňe bir ýazylýan zatlary ýa-da beýleki sungat eserlerini göz öňünde tutmaýarys. Döredijilikli çemeleşme adamyň ähli işine-de mahsus aýratynlyk. Parasatly pederlerimiz «Adam eli — gyzyl gül» diýen ajaýyp nakyly döredenlerinde-de, oňa döredijiligiň ähli babatlarda mahsusdygyny nygtapdyrlar. Biziň ýaşaýan ene Ýerimize tebigy gözellikler mahsus. Ynsan akylynyň, zähmetiniň netijesinde döreýän gözellikler bolsa olar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şonuň bilen birli

Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan köpugurly syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgeleri öz mynasyp ornuny tapýar. Şonuň netijesinde hem ösüp gelýän ýaş nesli durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek hem-de olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri kemala getirmek üçin giň şertler döredilýär. Şu ýylyň 29-njy martynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisde «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi we bu gaznanyň ata-babalarymyzyň ýörelgelerini hakyky iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary hem açyldy.

Ösüşleriň mekany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň durandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň häzirki günlerinde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ak mermerli paýtagtymyzda bir-birinden kaşaň, owadan binalaryň ulanylmaga berilmegi, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, baş şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan baý many-mazmunly çäreleriň giň gerim bilen geçirilmegi bagtyýarlykdan nyşandyr. Elbetde, şeýle bagtyýar we eşretli durmuş mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Mundan 30 ýyla golaý wagt ozal gazanylan ýurt Garaşsyzlygymyz — baky bagtyýarlygymyz, buýsanjymyz. Hormatly Prezidentimiz: «Diňe bir Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny saklap galmak däl, eýsem ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbitleri üçin ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijeliligini ep-esli artdyrmak biziň baş wezipämizdir» diýip bellemek bilen, bu gün halkymyzyň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň halkara abraýyny arşa gö

Şäherleriň seresi sen, Aşgabat!

Birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän redaksiýamyz Garaşsyzlyk şaýolunyň 100-nji jaýynda ýerleşýär. 10 gatdan ybarat bolan, daşyndan seredeniňde açyk bir kitaby ýatladýan bu bina 2006-njy ýylyň oktýabr aýynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 15 ýyllygynyň dabaraly bellenýän günlerinde açylyp, ulanylmaga berlipdi. Ol günlerden bäri laýyk 15 ýyla golaý wagt geçdi. Iş otagymyzyň penjireleriniň Garaşsyzlyk şaýoluna hem-de binanyň gabat garşysynda ýerleşýän seýilgähe bakyp durmagy, oturan ýerimizden merjen şäherimiziň gözelliklerini, ak mermere bürenip oturan belent jaýlaryny synlamaga mümkinçilik berýär. Adatdakylar ýaly işe gelip, bir müddet daşky gözelligi synlap oturşyma, paýtagtymyzda ýerleşýän her desganyň öňünde ünsüňi özüne çekiji, mahabat şekilli «Merjen şäher Aşgabat 140 ýyl», «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat 140 ýyl» diýen ýaly ýazgylarda biygtyýar gözüm eglendi. Ýazgylary synlap oturşyma: «Merjen paýtagtymyz 140 ýaşaýar, onuň dabara edilip bellenmegine-de kän wagt galmandyr. Göbek ganymyň daman ýeri bolan ak şäherimiz barada men hem bilýänlerimi ýazaýyn» diýip, içki pikirlerimi kagyz ýüzüne geçirmegi müwessa bildim. Çünki žurnalist hökmünde bu meniň-de paýyma düşýär.

Belent binalaryň gözelligi

Aşgabadyň merjen şähere deňelmegi ýöne ýerden däl. Çünki, Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalar göreni haýrana goýýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl bolýar. Şu ýyl gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalar Aşgabady has-da gözelleşdirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda gurulýan önümçilik, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary şäherimiziň görküne görk goşmak bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Okgunly ösýän ak şäher

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş-durmuş üçin ähli şertleriň döredilen şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim merkezi bolup durýar. Aşgabadyň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlykdygynyň subutnamasydyr. Şu ýyl mähriban Diýarymyzda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň ikisi, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetini nazara alyp, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede guramak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we diplomat «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň jemleriniň tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen umumy maksatlaryň amala aşyrylmagynda dünýä döwletleriniň arasynda özara düşünişmek we hormat goýmak gatnaşyklarynyň ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Bagt şäherim Aş­ga­bat!

Arkadagyň ajap eýýamynda gözelligiň hem söýginiň merjen şäherine öwrüldi. Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat häzirki döwürde Ýer ýüzünde iň gözel şäherleriň biri hökmünde tanalýar. Elbetde, bu aýdyň hakykaty beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen ak şäherimiziň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda nygtamagyň çuňňur manysy bar.

Ak şäheriň ajap binalary

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny belleýän günlerimiz ajaýyp wakalara beslenýär. Ýakynda paýtagtymyzyň günorta böleginde «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary şeýle wakalaryň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, maliýe-ykdysady ulgamyň bu möhüm desgalaryna hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Karary esasynda badalga berildi hem-de «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan desgalaryň gurluşygy ýerine ýetirildi. Bu gün bolsa paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda kemala gelýän täze işewürlik merkezinde gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň arhitektura keşbi bilen utgaşyp, ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.