Ak şäheriň ajap binalary

16 Aprel 2021
867

Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny belleýän günlerimiz ajaýyp wakalara beslenýär. Ýakynda paýtagtymyzyň günorta böleginde «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary şeýle wakalaryň birine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, maliýe-ykdysady ulgamyň bu möhüm desgalaryna hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Karary esasynda badalga berildi hem-de «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan desgalaryň gurluşygy ýerine ýetirildi. Bu gün bolsa paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda kemala gelýän täze işewürlik merkezinde gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň arhitektura keşbi bilen utgaşyp, ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Ruslan JUMAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar