Ynsanperwerligiň belent nusgasy

19 Aprel 2021
859

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan köpugurly syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgeleri öz mynasyp ornuny tapýar. Şonuň netijesinde hem ösüp gelýän ýaş nesli durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek hem-de olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri kemala getirmek üçin giň şertler döredilýär.

Şu ýylyň 29-njy martynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisde «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi we bu gaznanyň ata-babalarymyzyň ýörelgelerini hakyky iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary hem açyldy.

Gurbangözel KERIMOWA,
Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar