Belent binalaryň gözelligi

18 Aprel 2021
930

Aşgabadyň merjen şähere deňelmegi ýöne ýerden däl. Çünki, Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalar göreni haýrana goýýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl bolýar. Şu ýyl gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalar Aşgabady has-da gözelleşdirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda gurulýan önümçilik, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary şäherimiziň görküne görk goşmak bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Hatyja JUMAGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar