Okgunly ösýän ak şäher

16 Aprel 2021
863

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş-durmuş üçin ähli şertleriň döredilen şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim merkezi bolup durýar. Aşgabadyň täsin desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlykdygynyň subutnamasydyr.

Şu ýyl mähriban Diýarymyzda möhüm ähmiýetli şanly seneleriň ikisi, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetini nazara alyp, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygyny ýokary derejede guramak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Resul DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar