"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ynjan gyz göwni

Daşary ýurt edebiýatyndanHezret Aşinow, adygeý ýazyjysy(Hekaýa) Gözüne yssy görnen juwan gyzyň yzynda ser-sepil bolup ýören ýigit üçin teý-ahyr gyzyň umydygär ediji jogabyny eşitmekden uly bagt jahanda barmyka?!

Duýguly dünýä

ARZUWLAR Adam arzuwyna gutarma barmy,Janymyz sag, rysgalymyz bol bolsun.Supramyz hemişe almaly, narly,Ömür uzak, durmuşymyz bal bolsun!

Şygryýet bossany

GOJA ŞÄGIRT Maňa kagyz-galam beriň,                                              ýene-deÖmrüme azajyk goşmaça wagt.Şägirt üçin ussat gerek senede,Hem ömür ujundan bermeli nagt.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

ARKADAG HEM GARAŞSYZLYKBizi bagta etdi eýe,Arkadag hem Garaşsyzlyk.Pena bolýar her bir öýe,Arkadag hem Garaşsyzlyk. Kir-kimirsiz asman ýüzi,Owadandyr sähra, düzi,Milletimiň görer gözi,Arkadag hem Garaşsyzlyk.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

ARKADAGMilletiň adyny arşa göteren,Işleriňiz rowaç alsyn, Arkadag!Ellermizi uzan ýerne ýetiren,Tutumlarňyz şowly bolsun, Arkadag! Şükür, erkim, ygtyýarym elimde,Mertebämiz göterilýär belende,Oguz hanyň döwlet guran ilinde,Şöhratyňyz arşa galýar, Arkadag!

Çöldäki waka

Bir dana zyýarata gidipdir. Howa hem örän yssy ekeni. Çöl-beýewanyň içi bilen barşyna, suwsuzlykdan onuň halys ysgyny gaçypdyr. Uzakdan bir uly daragta gözi düşüpdir. «Men bahymrak şol saýaly daragtyň ýanyna barsamdym, ol ýerde hökman suw bar bolsa gerek» — diýip hyýal edipdir. Ol ahyrynda diýen ýerine ýetipdir, daragtyň ýanynda pikir edişi ýaly, bir guýy bar ekeni. Emma guýudan suw çekip alara hiç zat ýok eken, onda dana: — Eger ýüp bolsady, suwy düýbünde bolanam bolsa alyp içerdim — diýipdir. Şol halat hem bir topar keýik peýda bolupdyr. Olar dananyň ýanyna gelip, kybla tarap garap, başlaryny asmana tutup gözlerinden ýaş döküp, «Suw!» diýip zarlapdyrlar. Şol wagt suw göterilip, guýynyň erňegine çenli ýetipdir. Keýikler suw içip, öz ugruna tarap gidipdirler. Dana hem baryp suw içmekçi bolupdyr welin, suw guýynyň düýbüne çöküpdir. Dananyň gahary gelip:

Daşa ýazylan ýaly

Halkymyzda hiç haçan unudylmajak zatlar barada «Daşa ýazylan ýaly» diýen aýtgy bar. Bu aýtgynyň döreýşi barada gadymdan galan bir rowaýatda şeýle gürrüň berilýär: Ahmet bilen Mahmyt diýen iki dost atly, özara mesawy gürrüňleşip gidip barýarkalar, birden ikisiniň sözi azaşypdyr-da, Ahmet Mahmydyň arkasyna bir gamçy çalýar. Olar şol gidip baryşlaryna bir akar ýabyň üstünden barýarlar. Howa yssy bolansoň, olar suwa düşmek üçin atlaryndan düşýärler. Mahmyt şol ýerde gumuň ýüzüne barmagy bilen «Ahmet meniň arkama bir gamçy çaldy» diýen sözleri ýazýar. Soň suwa düşüp ýörenlerinde birden Mahmydyň aýagynyň damary çekip, suwa gark bolup barýarka, Ahmet derhal kömege ýetişip, dostuny halas edýär. Olar öýlerine gaýdyp baranlarynyň ertesi, Mahmyt Ahmediň öýüne kitabyň ululygyndaky bir bölek daşy berip goýberýär. Daşyň ýüzüne oýulyp ýazylan «Dostum Ahmet meni suwa gark bolmakdan halas etdi» diýen ýazgyny gören Ahmet: «Ol meniň gamçy bilen uranymy gumuň ýüzüne ýazypdy, halas edenimi bolsa daşa ýazypdyr. Diýmek, ýamanlygyň gumuň ýüzüne ýazylan ýazgysynyň ýeliň öwüsmegi bilen, öçüp gidişi ýaly, ýagşylygyň daşyň ýüzüne ýazylan ýaly, ebedi saklanjagyny maňa ýatladypdyr» diýip, Ahmet ötünç soramak üçin dostunyň öýüne barýar.

Söz manysy

HYRAWA Asala eýlenen ene dilimizde ekerançylyk bilen baglanyşykly sözler, aňlatmalar uly orun tutýar. Şolaryň biri hem hyrawa sözüdir.

Käbämiň käbesi kalbymyň soltanydyr

Ene barada ýatlanylanda, hemişe kalbyňa üýtgeşik bir mähir aralaşýar. Eneler barada aýdymdyr goşgy diňläniňde, ýüregiňde nähilidir bir söz bilen beýan edip bolmaýan duýgy döreýär. Hatda eneler barada ajaýyp jümleleri eşiden halatyňda hem kalbyňda täsin bir duýgy döräp, gözleriňe ýaş aýlanýar. Ol gözýaşlar — perzendiň enä bolan söýgüsiniň, enäniň perzende bolan mähriniň döredýän gözýaşlary. Şonuň üçinem ol beýik ynsana — «Mähriban ene» diýilýär. Ynsan enesini mukaddes Käbä, ene topraga, gözüniň görejine, ýüreginiň urgusyna deňeýär. Adamzat ene mähri bilen dünýä inip, ene terbiýesi bilen hem kemala gelýär. Şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýär. Enäniň şeýle mähriban keşbi — türkmeniň mukaddes ojagynyň goragçysy, namys sütüni, başynyň tugy, halallygyň nyşany. Hawa, şol mähriban ynsanlar hakda näçe ýazsaň, şonça-da az ýaly. Meniňem elime galam alyp, käbämiň käbesi hakda ýazasym geldi…

Goşgular çemeni

Watan Goýnuňda bagtyýar agzybir iliň,Baglaňda joş urup saýrar bilbiliň,Jahana müşk saçyp elwan gülleriň,Jenneti ýatladýar ýazlaryň Watan.

Ak şäherim Aşgabat

Aziýaň dür-merjeni, Ak şäherim Aşgabat!

Üsti bedewiň

Münende şaý bolsa, tükel esbaby, Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Halk hakydasyndan

ARPA-BUGDAÝ AŞ EKEN... Ir döwürde iki sany goňşy bolup, olaryň biri-hä ähli baýlygyna galla alyp, ury edip gömer eken. Beýlekisi bolsa diňe altyn-kümüş alyp, köpeldip, şoňa guwanar ýörer eken. Bir ýyl asmandan nem damman, gurakçylyk bolupdyr. Şonda galla ýygnanyň hiç zat piňine-de dälmiş.

Myhmansyz toý

Gadym zamanlarda hemişe işi şowuna bolýan bir ussat täjir bolupdyr. Ol söwda--satyk bilen meşgullanyp, tütjar baýa öwrülipdir, ýöne ol söwda kowalaşyp ýörşüne dost-ýarlarynyň, goňşudyr garyndaşlarynyň toýuna-ýasyna barmaýan eken. Özüniň söwda bilen başagaý bolup, hiç ýere barmaga wagty bolmansoň, ýakynlary toý tutsa öz sowgadyny iberip oňaýýar eken. Günlerde bir gün täjiriň köp ýyldan bäri garaşyp ýören ogul perzendi dünýä inýär. Täjir onuň şanyna giňden saçak açyp, ençeme bagşy-sazandany çagyryp, toýa başlaýar. Täjir toýuň üýtgeşik toý bolmagy üçin çykdaýjysyny gaýgyrmandyr. Ençeme aşpezleri, hyzmatkärleri toýa gelen myhmanlaryna hyzmat etmek üçin hakyna tutupdyr. Şeýlelikde, toý başlanypdyr.

Göçme

Çölde goýun üstüne täze gelen çolugyň ýeke özi motosikl bilen oba gidip gelmeli bolaýsa, çopanyň ýol sargydynda “Aňňatlyga düşeňde, göçmeden ägä bol! Göçmä duşsaň, ýoluňy ýitirersiň” diýen täsin sargyt bar. Çölde alaň ýaly beýik däl-de, 3-4 metr beýiklikdäki orak şekilli aňňatlar ýüzlerçe metre uzap gidýär. Hiç hili ösümlik gögermeýän bu çäge depeleri şemal nireden öwüsse şoňa görä ýerini, görnüşini, şekilini üýtgedip, göçüp, ýolagça azaşmak howpuny salýar. Bulutly günler ugur-utgaňy ýitirdýän aňňatlardan geçmeli bolaňda hem akyp ýatan çägede ulagyň batyp uly kynçylyk döreýär. Göçmeleriň çölde gara ýollary, demir ýollary çäge syradyp, gömmek howpy bar bolany üçin, gatnawly ýollaryň gyrasyna hyşadan, gamyşdan kesip-gyrkyp gözenek-gözenek edip, berkidýärler. Gumlular göçme depeleriň halanmaýandygy üçin häsiýeti durnuksyz, sähel zada birden-birden çakdan aşyberýän, durnuksyz adamlara-da “göçme” diýýärler.

Süýtli aş hikmeti

Ir döwürde bir ýolagçy ýabyň boýundaky ýodadan ýöräp gelýär ekeni. Bir obanyň gabadyndaky güzeriň boýuna ýetende, suwdan bir gara kelle çykyp adamzat dilinde: — Wagt boldy, Wahyt welin gelmedi — diýýär ekeni.

Akhanyň ak ýoly dowam, Arkadag!

Şeýle bir halatlar, hadysalar bolýar. Göwnüňe bolmasa, olar biziň güýjümizden has daşary gelýän ýaly bolup görünýär. Ýaly däldir-de, daşarydyr. Ony täsin waka diýibem bilýärler. Ol beýle däl. Düýbünden başga zat. Takygyny aýtsaň, Gudratdan gelýän güýç, adatylykdan ýokary göterilýän başarnyk, başgalyk. Şaglap inende, bada gelende, adam bulaň ählisine ukyplydyr. Aslynda, ynsan güýjüne gelýän zat barmy?! Ýokdur. Ony dünýe boýun alýar. Aldyrýan ägirtler, ärler bardyr. Şolaryň güýji bilen dünýe bakylygyny-müdimiligini saklaýar. Dürli taraply ussatlara baş egýäň, tär-tilsimini ele alanyna haýran galýaň. Men bu ýerde nämäni ýaňzytjak bolýan?! Sözümiz, söhbedimiz bedewe ugrugýar. Gahryman Arkadagymyzyň at çapmakdaky ussatlygyna aperin diýýän. Bu uly aýratynlyk hem artykmaçlyk. Men bu barada ýazan uly göwrümli goşgymy ýatlaýyn.

Bu toprakda atýan daňlar mukaddes (Şahyrana oýlanma)

Watan, seniň bütin durkuň owadan, gelýän günler, aýlar, ýyllar biri-birinden ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaýnaýan iller abadan, sabalaryň altyn Güni bezär üstüňe nur çaýyp! Togabym bar ata-baba yzlaryna, «Balam!» diýip kükrek gerip, iýdiren bal, duzlaryna. Her säherler oýanyp, bagda guşlaryň owazyna, aşyk bolup Diýaryň bahar-tomus ýazlaryna, bagra basyp, melul bolup, dutar-gyjak sazlaryna, ömürlik bergidir men mähriban Watan saňa!

Amatly gün

Günlerde bir gün talyplar mugallymdan: — Täze bir işe başlamak üçin haýsy gün has amatly? — diýip sorapdyrlar.

Ruhlandyrýan sözler

Daýym ömrüm ötüreýin, beren bahar-paslyňda,Erkanadyr bilbil susan, bizge hazan gerekmes.Magtymguly * * *