Käbämiň käbesi kalbymyň soltanydyr

24 Mart 2021
1436

Ene barada ýatlanylanda, hemişe kalbyňa üýtgeşik bir mähir aralaşýar. Eneler barada aýdymdyr goşgy diňläniňde, ýüregiňde nähilidir bir söz bilen beýan edip bolmaýan duýgy döreýär. Hatda eneler barada ajaýyp jümleleri eşiden halatyňda hem kalbyňda täsin bir duýgy döräp, gözleriňe ýaş aýlanýar. Ol gözýaşlar — perzendiň enä bolan söýgüsiniň, enäniň perzende bolan mähriniň döredýän gözýaşlary. Şonuň üçinem ol beýik ynsana — «Mähriban ene» diýilýär.

Ynsan enesini mukaddes Käbä, ene topraga, gözüniň görejine, ýüreginiň urgusyna deňeýär. Adamzat ene mähri bilen dünýä inip, ene terbiýesi bilen hem kemala gelýär. Şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýär. Enäniň şeýle mähriban keşbi — türkmeniň mukaddes ojagynyň goragçysy, namys sütüni, başynyň tugy, halallygyň nyşany. Hawa, şol mähriban ynsanlar hakda näçe ýazsaň, şonça-da az ýaly. Meniňem elime galam alyp, käbämiň käbesi hakda ýazasym geldi…

Jeren ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.
Beýleki habarlar