Çöldäki waka

24 Mart 2021
1107

Bir dana zyýarata gidipdir. Howa hem örän yssy ekeni. Çöl-beýewanyň içi bilen barşyna, suwsuzlykdan onuň halys ysgyny gaçypdyr. Uzakdan bir uly daragta gözi düşüpdir. «Men bahymrak şol saýaly daragtyň ýanyna barsamdym, ol ýerde hökman suw bar bolsa gerek» — diýip hyýal edipdir. Ol ahyrynda diýen ýerine ýetipdir, daragtyň ýanynda pikir edişi ýaly, bir guýy bar ekeni. Emma guýudan suw çekip alara hiç zat ýok eken, onda dana:

— Eger ýüp bolsady, suwy düýbünde bolanam bolsa alyp içerdim — diýipdir. Şol halat hem bir topar keýik peýda bolupdyr. Olar dananyň ýanyna gelip, kybla tarap garap, başlaryny asmana tutup gözlerinden ýaş döküp, «Suw!» diýip zarlapdyrlar. Şol wagt suw göterilip, guýynyň erňegine çenli ýetipdir. Keýikler suw içip, öz ugruna tarap gidipdirler. Dana hem baryp suw içmekçi bolupdyr welin, suw guýynyň düýbüne çöküpdir. Dananyň gahary gelip:

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan.
Beýleki habarlar