Bu toprakda atýan daňlar mukaddes (Şahyrana oýlanma)

23 Mart 2021
741

Watan, seniň bütin durkuň owadan, gelýän günler, aýlar, ýyllar biri-birinden ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaýnaýan iller abadan, sabalaryň altyn Güni bezär üstüňe nur çaýyp!

Togabym bar ata-baba yzlaryna, «Balam!» diýip kükrek gerip, iýdiren bal, duzlaryna. Her säherler oýanyp, bagda guşlaryň owazyna, aşyk bolup Diýaryň bahar-tomus ýazlaryna, bagra basyp, melul bolup, dutar-gyjak sazlaryna, ömürlik bergidir men mähriban Watan saňa!

Gülnara JORAÝEWA,
Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar