Daşa ýazylan ýaly

24 Mart 2021
904

Halkymyzda hiç haçan unudylmajak zatlar barada «Daşa ýazylan ýaly» diýen aýtgy bar. Bu aýtgynyň döreýşi barada gadymdan galan bir rowaýatda şeýle gürrüň berilýär: Ahmet bilen Mahmyt diýen iki dost atly, özara mesawy gürrüňleşip gidip barýarkalar, birden ikisiniň sözi azaşypdyr-da, Ahmet Mahmydyň arkasyna bir gamçy çalýar. Olar şol gidip baryşlaryna bir akar ýabyň üstünden barýarlar. Howa yssy bolansoň, olar suwa düşmek üçin atlaryndan düşýärler. Mahmyt şol ýerde gumuň ýüzüne barmagy bilen «Ahmet meniň arkama bir gamçy çaldy» diýen sözleri ýazýar. Soň suwa düşüp ýörenlerinde birden Mahmydyň aýagynyň damary çekip, suwa gark bolup barýarka, Ahmet derhal kömege ýetişip, dostuny halas edýär. Olar öýlerine gaýdyp baranlarynyň ertesi, Mahmyt Ahmediň öýüne kitabyň ululygyndaky bir bölek daşy berip goýberýär. Daşyň ýüzüne oýulyp ýazylan «Dostum Ahmet meni suwa gark bolmakdan halas etdi» diýen ýazgyny gören Ahmet: «Ol meniň gamçy bilen uranymy gumuň ýüzüne ýazypdy, halas edenimi bolsa daşa ýazypdyr. Diýmek, ýamanlygyň gumuň ýüzüne ýazylan ýazgysynyň ýeliň öwüsmegi bilen, öçüp gidişi ýaly, ýagşylygyň daşyň ýüzüne ýazylan ýaly, ebedi saklanjagyny maňa ýatladypdyr» diýip, Ahmet ötünç soramak üçin dostunyň öýüne barýar.

Taýýarlan Annatuwak KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar