"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Şygryýet bossany

GÖRKANA DIÝAR Beslenip gelen taryhyň,Eýe şöhrat-şana Diýar!Aýtsam gutarmaz tarypyň,Gözel sen, görkana Diýar!

Adyň dillerde, Aşgabat!

Meşhur Akhanyň ýaşlygy,Dowamata dowamysyň!Sensiň baharyň buşlugy,Toýdur baýramlaň sebäbi! Ýalyň altyn ýüpekdenmi,Kalbyň saba şapakdanmy,Aklyň dürden, mähekdenmi,Kişňeýşiň sarsdyr gaýany?!

Tapmaçalar

Irden turuzýar,Iýdirýär onsoň.Iýip boldummy,Geýdirýär ol soň. Şaýym tutduryp,Tutýar elimden.Şonda men hem oň, Tutýan elinden.

Bahar gözelligi

Gaýmalaşdy bulutlarBilmeýän dek niredeDüşlejegni kerwen dek, Haýsy jülge-derede?! Otlar ýaşyl öwüsdi, Zümerret daş mysaly,Gülälekler uzakdanGörünip eňsi ýaly.

Aşgabadyň yşyklary

Gijelerne ýalkym saçar, Aşgabadyň yşyklary.Lowurdaşyp göwnüň açar, Aşgabadyň yşyklary. Çyksaň baglara seýrana, Göreni goýar haýrana, Ýalkymy düşer çar ýana,Aşgabadyň yşyklary.

Buýsançnama

Şan-şöhratyň dabarasy dag aşdy,Ylham alyp şahyr ýürekler joşdy,Arkadagym bilen bagta gowuşdy,Türkmenistan — parahatçylygyň Watany,Eziz ýurdum ynanyşmagyň Watany. Äleme meşhurdyr türkmeniň ady,Garşylar dost-dogan, ýakyny-ýady,Artyp dur gün-günden ösüşleň bady,Türkmenistan — parahatçylygyň Watany,Eziz ýurdum ynanyşmagyň Watany.

Dostluk bagy (Hekaýa)

Bu wagt men 4-nji synpda okaýaryn. Gürrüňini etjek bolýan wakamda men mekdebiň 2-nji synp okuwçysydym. Sapaklarymy ünsli okaýardym, ýöne okadylýan dersleriň içinden zähmet sapagyny diýseň halaýardym. Her sapakda bir zat ýasamak meniň üçin şeýle gyzyklydy. Şol döwürde men Baýmuhammet bilen bir synpda okaýardym. Synpdaşym bilen mekdebe bile gatnaýardyk, käteler ikimiziň bäsleşip okamamyzam bardy. Zähmet sapagyna gezek gelende-de şeýledik. Biri-birimizden gowy zat ýasamak isleýärdik. Ine, bir gün zähmet sapagyna mugallym okuwçylaryň ählisine dürli reňkli kagyzlardan peýdalanyp, bagyň şekilini ýasap gelmegi tabşyrdy. Biz indiki sapaga çenli ony taýýarlap gelipdik. Mugallym meniň ýasan bagymy halady, soňra Baýmuhammediň ýasan bagynyň hem gowy bolandygyny aýtdy. Ikimizem bir-birege ýylgyryp seretdik. Şeýle bir begendik. Onuňam sebäbi mugallym bizi höweslendiripdi. Mugallym bize: «Siz ýaşajyk bagban bolaýmaň?!» diýip öwende dagy ikimiziň: «Mugallym, indiki sapaga bag eker ýaly piljagazam ýasalymy?» diýşimize mugallym hezil edip gülüpdi. Ol bu aýdanlarymyza razy boldy we bize ýumuş hem tabşyrdy.

Terjimeçilikdäki terje pyntyklar

A MONKEY AND TWO CATS Once upon a time two cats found a piece of cheese and cut it into two pieces. But one piece was slightly bigger than the other. Both the cats wanted the bigger piece. Then they went to a monkey and asked to sort out the matter.

Magtymguly Abaýyň dilinde

Şu ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada Karara gol çekmegi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň magtymgulyşynaslarynda, alymlarynda, ýazyjy-şahyrlarynda, terjimeçilerinde gyzgyn seslenme döretdi. Biz gazetimiziň şu sanynda Gazagystanyň milli Ylymlar Akademiýasynyň habarçy-agzasy, Gazagystanyň L.N.Gumilýew adyndaky milli Ýewraziýa uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň professory, şahyr hem terjimeçi Amantaý Şaripiň Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gazak diline terjime edilmegine bagyşlanan makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Arkadagly Aşgabat

Eşdilýär azan sesi, keramatly kelamlar,Ýürekden joşup çykýar päk alkyşlar, senalar,Ak guw kimin otyrlar ak mermerli binalar,Ýurt parahat, il aman, goý, dünýä dursun abat,Şan-şöhrata beslenen Arkadagly Aşgabat. Göz guwanjym, daýanjym, ak şäherim — paýtagtym,Görmäge göz gerekdir köşgi-eýwanly tagtyň,Dowamat dowam bolsun döwür-döwranly bagtyň,Ýurt parahat, il aman, goý, dünýä dursun abat,Şan-şöhrata beslenen Arkadagly Aşgabat.

Hasyl bolan arzuw (Hekaýa)

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp guraljak at çapyşygyna hemmelerem garaşandyr welin, Geldi aganyňky düýbünden başgaçady. Başgaça bolmaz ýalymy, eýsem?! Ol bu pursada tas, ömürboýy diýen ýaly garaşypdy ahyryn. Özi-de gursagynda garrap giden arzuwynyň hasyl bolmagyndan ynamyny üzenden soňam, kalbynyň bir ýerlerinde umydy pena edinibem esli garaşypdy. Ine, bu gün bolsa onuň şol juwan gursagynda hemişelik galan arzuwy hasyl bolýar. Özi-de ony çowlugy Merdan amala aşyrmalydy. Merdanyň Kiçidag atly bedewli märekäniň öňünden buýsanç bilen geçip barşyny synlap oturan Geldi aga tolgundy. Daşynda hozanak bolşup ýören agtyklarydyr çowluklary onuň birdenkä tolgunyp, ýüregine agram düşerinden ätiýaç edip, töwereginden aýrylanokdylar. Zol-zol: «Ata, rahat otyrsyňmy?» diýip, halyny sorap durdular.

Şygryýet

Söz parlak Gündür,ol ýüreklerde dogup,asyrlary ýagtyldýandyr. Arzuw

Dürdäne setirler

Şowlulyk üçin zähmet çekmeli.Robert Oldington. * * *

Atlar gezip ýör

Bakyň dostlar bu ajaýyp görnüşe,Türkmen sährasynda atlar gezip ýör.Arşdaky jenneti Ýerde görmüşem,Türkmen sährasynda atlar gezip ýör. Bahar ýaşyl halysyny ýazypdyr,Heňňam oň üstünde bilin ýazypdyr.Bir wagtlar Geredotam ýazypdyr:«Türkmen sährasynda atlar gezip ýör».

Gapançy (hekaýa)

Özüniň altmyş ýaşa basalyk ömründe ýeke gezek aw awlamadyk hem bolsa, Mürçe obasynyň adamlary onuň adyny Gylyç mergen diýip tutýardylar. Ol awuny diňe gapan gurup, girisine salýardy. Gylyç mergeniň sakgal-murtunyň garasyndan agy köp bolsa-da, «dogumyndan don geýýän» diýilýänlerdendi, hereketi galdawdy. Güýzüň ortaky aýy paýawlap, mizan ornuny akraba beripdi. Säher bilen bir adam Gylyç mergeniň gaşynda gögerdi. Taňry salamyny alşaryna mähetdel, öý eýesi myhmanynyň taryna kakdy:

Körpelere okap beriň!

Bahar geldi Ýene baharGeldi ýetip.Eh, etmeliIşi ýetik.

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

Bagt saglykda diýilip, Aýdylmandyr boş ýere.Gowy zat ýok saglykdan,Täçdir ol bilseň sere.Ylgap hem-de maşk edip,Ýaşaň bagtyýarlykda.Aýrylsaňyz saglykdan,Rahat ýokdur baýlykda.Lukmanlarmyz kärine,Yhlas edýärler mydam.Keýpi kökdür olaryň,Sag bolsa her bir adam.Adam sagat bolanda,Göwni baglaýar ganat.Lukman gorar saglygy, Ynsana-da bagly zat.Köpdür haýry ulansaň,Derman ösümlikleri.Atyp içseňiz çaýa,Nepi kän, durlar seri.Baýlygydyr döwletiň,Adamlaryň saglygy.Şoldur ýaşaýşymyzyň,Lezzeti hem ça:glygy.Arkadagymyz bilseň,Nusgasy sag gezmegiň.Ýagşy göreldesinden,Asla üzňe gezmegin,Ruhuň derde ezmegin!

Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek çy­ra­gy

Söz sungatynyň deňsiz-taýsyz zergäri, ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragy barada gürrüň edilende näme üçindir ilki bilen Welmyrat aga meniň ýadyma düşýär. Welmyrat aganyň kimdigini bolsa eždatlarymyzyň mähir-yhlasy siňen keremli topragymyza göbek gany daman ynsana ýanjamagyň hajaty ýok. Hawa, «Nan atly, il pyýada» diýilýän galagoply we gowgaly döwürde ata-babalarymyzyň synmaz ruhuny baýdak edip, güzeran aýlamak üçin ýola çykan bu göwnaçyk, sada ýaşulyny kim tanamaýar? Bar mydary, gözüni dikip duran ýeke guba düýesini Magtymgulynyň kitabyna çalşyp oturyberen bu sähraýy ýaşula «Edeniň bar bol-a, Welmyrat aga, aklyňa ne döw çaldy!» diýip seňrigini ýygryp biljek adamy bu garagöz ilden tapjak gümanyň ýokdur. Gaýta oňa her kesiň gözi gidýändir, onuň kibi Hakdan ýalkawly Magtymgulyly millete dahyllydygy üçin ykbalyndan müňde bir razydyr. Ýogsa näme, ol tüýs türkmeniň edäýjek, ýöne her kesiň (belki-de, hiç kişiň) başaryp bilmejek işini bitirip, nesilleriň hakydasynda özüne heýkel dikdi ahyry. Sag bol, Welmyrat aga! Türkmeniň Magtymgula bolan ylahy söýgüsiniň, hikmetli hormat-sarpasynyň düýpsüz ummandygyny sen sadadan beýiklik bilen Aý dogan ýaly aýdyň äşgär etdiň. Goý, hemmeler bilsin! Magtymguly Pyragynyň goşgularyny türkmen rysgaldanam ýokarda goýýandyr. Onsoň biziň halkymyzyň neneň ruhy baý bolmasyn?!

Ýazlaryň jadysy

Ajap ýylgyrşy bagyş edip hemmä,Bahar geldi, goýny gülşenli dünýä,Daýhanlarmyz ene topraga gümra,Bir ajaýyp joşgun — täsin keramat,Sazlaşypdyr ynsan bilen tebigat. Owlak-guzy ýaraşygy ýazlaryň,Rysgalyň saçagy, sähra-düzlerim,Täsin keşbiňizde galdy gözlerim,Ýaýlam, gül goýnuňa guwançly bakdym,Ajap gollaryňda daragtlar ekdim.

Pendi sährasynyň aýdymçysy

Türkmen topragynyň baharyň jennet gözelligine bezenen, oňa guwanyp saýraýan guşlaryň owazyna beslenen döwründe Pendi sährasynda şygyr dünýäsiniň belentliginden paý alan özboluşly şahyr Italmaz Akmyradowyň poeziýasyny öz dilinden başga dil bilen mahabat-beýan etmek mümkin däl. Tarypy özündäki setirlere, hiç hili öwgi goşman, diňe özüni okasaň onuň ajaýyplygy örboýyna galýar. Şeýle hem hakyky poeziýa kişi mahabatyna mätäç bolmaýar. Şygyr muşdaklarynyň kalbynda orun alan Italmaz Akmyradow hakynda şeýle pikirleri ýöretmegim, täzelik aýtdygym däldir. Meniň Italmaz bilen edebi gatnaşyk saklap, döwür, döredijilik hakda söhbetdeş boldum diýmäge hakym ýok. Şahyr bilen meni ýakyndan tanyşdyran, köne pikirdeş ýaly hemişelik ysnyşdyran onuň poeziýasy boldy. Men Italmaz şahyryň goşgularyny okanymda, onuň bilen ykbalymyzyň käbir pursatlarynyň meňzeşligini duýýaryn. Biziň çagalygymyz uruş ýyllaryna gabat geldi. Haý-haýly günler şagalaňly bolmaly çagalyk dünýämizi hasratly dünýä öwürdi. Italmazyň «Enem ikimiz» atly goşgusyny okanymda öz çagalyk döwrüm, enemiň keşbi göz öňümden geçýär. Ynansaňyz, men ol goşgyny Italmaz ikimiz bile ýazandyrys öýdýärin. Diňe şol goşgusynyň atalary uruşda galan okyjysynyň sany-da on müňlerçe bardyr. Bu ahwal — şahyryň durmuşy, onuň ýüreginiň sözi. Eger şeýle bolmadyk bola, ol goşgy okyja beýle golaý hem bolmazdy.