Pendi sährasynyň aýdymçysy

25 Mart 2021
1297

Türkmen topragynyň baharyň jennet gözelligine bezenen, oňa guwanyp saýraýan guşlaryň owazyna beslenen döwründe Pendi sährasynda şygyr dünýäsiniň belentliginden paý alan özboluşly şahyr Italmaz Akmyradowyň poeziýasyny öz dilinden başga dil bilen mahabat-beýan etmek mümkin däl. Tarypy özündäki setirlere, hiç hili öwgi goşman, diňe özüni okasaň onuň ajaýyplygy örboýyna galýar. Şeýle hem hakyky poeziýa kişi mahabatyna mätäç bolmaýar. Şygyr muşdaklarynyň kalbynda orun alan Italmaz Akmyradow hakynda şeýle pikirleri ýöretmegim, täzelik aýtdygym däldir. Meniň Italmaz bilen edebi gatnaşyk saklap, döwür, döredijilik hakda söhbetdeş boldum diýmäge hakym ýok. Şahyr bilen meni ýakyndan tanyşdyran, köne pikirdeş ýaly hemişelik ysnyşdyran onuň poeziýasy boldy.

Men Italmaz şahyryň goşgularyny okanymda, onuň bilen ykbalymyzyň käbir pursatlarynyň meňzeşligini duýýaryn. Biziň çagalygymyz uruş ýyllaryna gabat geldi. Haý-haýly günler şagalaňly bolmaly çagalyk dünýämizi hasratly dünýä öwürdi. Italmazyň «Enem ikimiz» atly goşgusyny okanymda öz çagalyk döwrüm, enemiň keşbi göz öňümden geçýär. Ynansaňyz, men ol goşgyny Italmaz ikimiz bile ýazandyrys öýdýärin. Diňe şol goşgusynyň atalary uruşda galan okyjysynyň sany-da on müňlerçe bardyr. Bu ahwal — şahyryň durmuşy, onuň ýüreginiň sözi. Eger şeýle bolmadyk bola, ol goşgy okyja beýle golaý hem bolmazdy.

Italmaz AKMYRADOW
Şahyr
Beýleki habarlar