Dostluk bagy (Hekaýa)

26 Mart 2021
1079

Bu wagt men 4-nji synpda okaýaryn. Gürrüňini etjek bolýan wakamda men mekdebiň 2-nji synp okuwçysydym. Sapaklarymy ünsli okaýardym, ýöne okadylýan dersleriň içinden zähmet sapagyny diýseň halaýardym. Her sapakda bir zat ýasamak meniň üçin şeýle gyzyklydy. Şol döwürde men Baýmuhammet bilen bir synpda okaýardym. Synpdaşym bilen mekdebe bile gatnaýardyk, käteler ikimiziň bäsleşip okamamyzam bardy. Zähmet sapagyna gezek gelende-de şeýledik. Biri-birimizden gowy zat ýasamak isleýärdik.

Ine, bir gün zähmet sapagyna mugallym okuwçylaryň ählisine dürli reňkli kagyzlardan peýdalanyp, bagyň şekilini ýasap gelmegi tabşyrdy. Biz indiki sapaga çenli ony taýýarlap gelipdik. Mugallym meniň ýasan bagymy halady, soňra Baýmuhammediň ýasan bagynyň hem gowy bolandygyny aýtdy. Ikimizem bir-birege ýylgyryp seretdik. Şeýle bir begendik. Onuňam sebäbi mugallym bizi höweslendiripdi. Mugallym bize: «Siz ýaşajyk bagban bolaýmaň?!» diýip öwende dagy ikimiziň: «Mugallym, indiki sapaga bag eker ýaly piljagazam ýasalymy?» diýşimize mugallym hezil edip gülüpdi. Ol bu aýdanlarymyza razy boldy we bize ýumuş hem tabşyrdy.

Baýramgeldi BAÝRAMOW,
Tejen şäherindäki 8-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar