Hasyl bolan arzuw (Hekaýa)

25 Mart 2021
1146

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp guraljak at çapyşygyna hemmelerem garaşandyr welin, Geldi aganyňky düýbünden başgaçady. Başgaça bolmaz ýalymy, eýsem?! Ol bu pursada tas, ömürboýy diýen ýaly garaşypdy ahyryn. Özi-de gursagynda garrap giden arzuwynyň hasyl bolmagyndan ynamyny üzenden soňam, kalbynyň bir ýerlerinde umydy pena edinibem esli garaşypdy.

Ine, bu gün bolsa onuň şol juwan gursagynda hemişelik galan arzuwy hasyl bolýar. Özi-de ony çowlugy Merdan amala aşyrmalydy. Merdanyň Kiçidag atly bedewli märekäniň öňünden buýsanç bilen geçip barşyny synlap oturan Geldi aga tolgundy. Daşynda hozanak bolşup ýören agtyklarydyr çowluklary onuň birdenkä tolgunyp, ýüregine agram düşerinden ätiýaç edip, töwereginden aýrylanokdylar. Zol-zol: «Ata, rahat otyrsyňmy?» diýip, halyny sorap durdular.

Gurbanmyrat BERDIMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň jenaýat agtaryş bölüminiň müdiriniň orunbasary, polisiýanyň podpolkownigi.
Beýleki habarlar