Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

25 Mart 2021
844

Bagt saglykda diýilip,
Aýdylmandyr boş ýere.
Gowy zat ýok saglykdan,
Täçdir ol bilseň sere.
Ylgap hem-de maşk edip,
Ýaşaň bagtyýarlykda.
Aýrylsaňyz saglykdan,
Rahat ýokdur baýlykda.
Lukmanlarmyz kärine,
Yhlas edýärler mydam.
Keýpi kökdür olaryň,
Sag bolsa her bir adam.
Adam sagat bolanda,
Göwni baglaýar ganat.
Lukman gorar saglygy,
Ynsana-da bagly zat.
Köpdür haýry ulansaň,
Derman ösümlikleri.
Atyp içseňiz çaýa,
Nepi kän, durlar seri.
Baýlygydyr döwletiň,
Adamlaryň saglygy.
Şoldur ýaşaýşymyzyň,
Lezzeti hem ça:glygy.
Arkadagymyz bilseň,
Nusgasy sag gezmegiň.
Ýagşy göreldesinden,
Asla üzňe gezmegin,
Ruhuň derde ezmegin!

Döwrangeldi AGALYÝEW.
Beýleki habarlar