"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Bir owuç şemal (Gündelikden*)

HOSIÝAT RUSTAM, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. INDI SEN BAŞGA GÄMILERDESIŇ!

Netije

(hekaýa) Olaryň her biri ugurdaş ýoluň ýolagçylary ýaly bolup gelýärdi. Üç sany adam — bir serkerde bilen iki sany esger — ýoluň soňunda bir nokada birikmeli ýodalar ýaly, kä üçburçlugy emele getirip, käte ugurdaş kesimlere meňzäp ýöreýärdiler. Olaryň hiç birinden ses çykmasa-da, daş-töweregini gurşap alan daglardan welin, ses çykýardy. Nirededir bir ýerde hökman suwuň bolaýmalydygy baradaky pikiri guşlaryň jürküldileri tassyklaýardy, ýöne üç sany harby gullukçynyň ýadaw gözleri erkana guşlaryň hereketini yzarlardan asgyndy. Olaryň öz maýdallaryna ýuwaşjadan ädimläp gelişleri, tutuş dünýäni bir tarapa, olaryň özünem bir tarapa goýýardy.

Watan waspy

Ýaşyl geýen düzleriňi keşt eýläp,Watan, seniň waspyň eder dillerim!Dünýäniň iň ajap sözlerin saýlap,Watan, seniň waspyň eder dillerim! Ýatdan çykar, öýke-kine, gaharlar,Seýrana gelende gülgün baharlar.Gündizler-gijeler, şam-u-säherler,Watan, seniň waspyň eder dillerim!

Aşgabadymyň

Baglary Erem ýaly,Jenneti gören ýaly,Nurdan dokalan haly,Keşbi Aşgabadymyň. Waspy sygmaz dessana,Gez, seýil et messana,Ýetýär Arşa — asmana,Başy Aşgabadymyň.

Köneürgençden kemal tapan kämillik

(Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Annatuwak Kakaýewanyň döredijilik menzilleri barada oýlanmalar) Ykbalyny edebiýata baglan adamlar bu jadyly gudratdan hiç haçan örküni üzüp bilmeýär. Edebiýatyň syrly seýranlary, şygryýetiň jadyly dünýäsi ruhy gymmatlyklara sarpa goýýan ähli ynsanlary özüne biygtyýar maýyl edýär, bendileýär. Sözüň güýji, sözüň täsiri ynsan kalbyna iň ýagşy duýgulary paýlaýar.

Täze goşgular

WatanŞygyr deý okadym maýsalaryňy,Ýadymda sakladym gülleň ysyny.Zeminiň — baharym, asmanyň — güýzümSöýdüm sowuk gyşyň, yssy tomsuňy. Mukaddessiň, ezizsiň sen hemişe,Alysdakam keşbiň girer düýşlerme.Bir höwürtge gursam baglara gonanŞu eziz Watanyň saýrak guşlarna.

Şygyrlar

Dutar Näme beýle zaryn-zaryn iňleýäň,

Haýwanlar baradaky tymsallardan

Gowursa-da, gowurýar welin... — Aý, kowumdaş! Gün-güzeranyň nägeňsi? Bir kada-ýakulrak bardyr-a? Ýa, çopan taýak bilen seňrigiňe kakjak bolup durlarmy?

Gatyr, hajyr, üňňüş...

Ulanyşdan galan käbir sözlere düşündiriş bermek maksady mende köpleriň söýgüli neşiri bolan “Maru — şahu jahan” gazeti bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan halypa mugallym, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Ata Akbäbäýewiň “Ýaş mugallymlara maslahatlaryny” höwes bilen okap otyrkam döredi. Ýaş mugallymlara halypa sapaklary bolup hyzmat edýän şol maslahatlarynda: “Ulanyşdan galaňkyrlan, ýitip barýan sözler hem (üňňüş, hüňňüş, gatyr, hajyr, gowdy, owdy...) mugallymyň üns merkezinde bolmalydyr” diýen sözleri okanymdan soň, ýandepderçäme ýapyşdym. Ylymda «arhaizm» diýip atladyrylýan köne sözler ulgamyna degişli şeýle sözler gabat gelse, olary ýandepderçäme belläp almak endigim bolansoň, halypa mugallymyň ýazgylarynda mysal getiren sözleri biygtyýar ýadyma düşdi. Üňňüş, hüňňüş diýen sözler möjekler bilen baglanyşykly bolup, enesi it, atasy möjege — üňňüş, onuň tersine enesi möjek, atasy ite bolsa hüňňüş diýilýär. Aýdylyşyna görä, üňňüş gaty hüşgär bolup, çala şygyrdy eşitse üşerlip duran, adama-da örän haýal öwrenişýän haýwandyr. Gatyr, hajyr diýen sözler bolsa, toýnaklylar bilen baglanyşykly. Enesi baýtal, atasy eşekden önelgä — gatyr, enesi eşek, atasy atdan önelgä bolsa, hajyr diýilýär. Gatyrdyr hajyrdan soňra önelge önmeýär diýlip, ylmy çeşmelerde bellenilýär.

Rowaýat

Halynyň gelip çykyşy Gadym zamanlarda uzyn saçly, derek boýly owadan, asylly bir gyz her gün belli bir wagtda eli küýzeli suwa geçer eken. Ony gören hanyň gyza syny oturypdyr. Han gyzyň kimiň maşgalasydygyny, ýaşaýan ýerini, onuň ýakynlaryny bilip gelmeklerini buýrup, nökerlerini ugradýar. Olar gyzyň diňe garry ene-atasynyň bardygyny, başga hiç hili hossarynyň ýokdugyny, olaryň garypja çatmada mydar edýändiklerini hana ýetirýärler. Han gyzy getirmeklerini buýurýar. Gyzy hanyň huzuryna getirýärler. Han gyza ony halandygyny, ony öz maşgalasy edip almakçydygyny aýdýar.

Hekaýat

Alkyş Ybraýym ýarlykly garypdy. Üstesine onuň gözleri sokur kördi. Ýöne onuň kalby päkizedi, sahydy. Adamlara hemişe hoş hem ýakymly sözleri aýdardy. Onuň alkyşlary häli-häzire çenli ony diňlän adamlaryň gulaklarynda ýaňlanyp dur:

Sahawat siz, merhemet siz, Arkadag!

Göbek ganyň daman ýeri Watandyr, Ynsan ogly bolup bilmez Watansyz! Emma ýurdy ýurt edýänler çyn ärdir, Ýurt gurmaga Hak Howandar derkardyr! Arkadag Watany Watan kylandyr, Arkadag! Bu bagt Siziň bilendir! Arkadag bolansoň asudadyr il, Howandar bolansoň, Tug gökde parlar. Parahatlyk Hak peşgeşi Diýaryň, Arkadag türkmene ýalkawy Allaň! Bir başa jem bolup, galkynýar türkmen, Haýyr işler bilen ýalkanýar türkmen!

Körpelere okap beriň!

AMANYŇ JOGAPLARY — Aýt, Aman, näme üçin,Alma suwda çümmeýär?— Sebäp oň düzümindeKän mukdarda howa bar.

Arkadag

Aşgabady öwürdiň misli erem bagyna,Ömrüňiz uzak bolsun, ýaşa eziz Arkadag!Il-gün deňeýär Sizi didelerniň agyna,Ömrüňiz uzak bolsun, ýaşa eziz Arkadag! Her bir döwletli işiň başynda özüň durup,Täsin-täsin ymarat, köşgi-eýwanlar gurup,Döwrüň eşretin görýäs, saýaňda döwran sürüp,Ömrüňiz uzak bolsun, ýaşa eziz Arkadag!

Kalby ýaz mähribanlar

(Durmuş hekaýatlary) ...Goý, ol gyzjagaz bolsun, ulugyz ýa-da gelin, ýa bolmasa, ene bolsun, kalby mähir bulagydyr, bahar-ýazyň edil özüdir! Bularyň biriniň Käbä, beýlekisiniň Baýdaga, üçünjisiniň gülüň gunçasyna deňelmeginde uly many bar, olar öýümiziň, kalbymyzyň hany-soltany, durmuşymyzyň bag-bossanynyň gül-gunçasy. Meniň döredijilik dünýämi heýjana salyp, ylhamymy joşduryp, döwet galamymy ýiteldýän hem şol mähribanlardyr!

Wepaly köpek (Hekaýa)

Alabahar öz hökümini ýöredip ugranda Garagum sährasynda özboluşly ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Sähranyň ajaýyp künjekleriniň birinde goş tutunan Aýazgeldi aga parahat ýatan goýunlary synlady. Kömekçi çopan Aýazgeldi aganyň ýanyna gelip: — Çopan aga, çolugymyz boýy ýeten gowy köpek bar diýýä, şony Ýolbarsyň ornuna getiräýeli diýýär.

Goňşy gyz (Hekaýa)

Çagalykda onuň bilen bileje ulalypdyk, olar biziň duldegşir goňşymyzdy. Olar bilen aramyzda haýat hem çekilmedikdi. Atam goňşy bilen ara haýat çekmegi dogry hasaplanokdy. Diňe mellegimiziň başyndan aýagyna çenli çekilen üstünden eýläk-beýläk arkaýyn ýöräbermeli çil goňşymyz bilen araçägimizdi. Çiliň biz tarapyna uzaboýuna şetdaly nahallary oturdylandy. Olary atam ýörite saýlama şetdalylaryň şänigini ýere gömüp, ýetişdiripdi. Ol: «Çili ýakalap oturan baglarymyzyň miwesi iki maşgala-da deňlik bolmalydyr» diýip, mydama tekrarlardy. Biz aýry maşgalanyň çagalarydygymyzy hiç duýmadyk. Uzakly gün bileje oýnap, günorta naharyny bizde ýa-da olarda edinerdik. Hatda, mekdebe gatnap başlanymyzda-da ikimiz bir synpda, bir partada oturypdyk. Mekdebe bileje gatnardyk. Okuwdan soň, öýe berlen ýumuşlarymyzy hemişe bileje ýerine ýetirerdik. Çagalykdan saýlanyp ugranymyzda, ýuwaş-ýuwaşdan oýun oýnamakdan çekilip, herimiz özümize degişli hojalyk işlerine gümra bolup başladyk. Ine, şondan soň biz bir-birimizden kem-kemden daşlaşýandygymyzy duýup başladyk. Ýöne, şeýle-de bolsa, mekdebe gidenimizde, bir-birimize garaşyp, bileje giderdik.

«Ejeme ýollan hatlarymdan» atly goşgular toplumyndan

Ejem bilen hyýaly söhbet Eje, öňkiň ýaly şol hysyrdanyp,Işi bilen bolup ýörsüň içeriň.Mahal-mahal ýatlap esger ogluňy,Isleýänsiň günlerimiň geçerin.

Duýgular düwünçeginden

Goja Zemin ýagşy adamlar bilen hem-de olaryň bir-birine edýän ýagşylyklary bilen gözeldir. ***

Tymsallar

Hakyky dostluk Gadym zamanlarda bir obada uly sürüsi hem-de mülki bolan adam ýaşapdyr. Halal gazanjy bilen bereket-bolçulyga ýeten bu adamyň dostlary-da köp bolupdyr. Ýöne günleriň birinde onuň sürüsi talanyp, bar malyny ýitiripdir. Gurak gelen ýyl bolsa, onuň ýerden bol hasyl almak ugrundaky bar umydyny puja çykarypdyr. Ömrüniň dowamynda ýygnan bar gazanjyny, malyny-mülküni elden gideren adam indiden beýläk maşgalasyny nähili eklejegini-de bilmän, gaýgy-gama batypdyr.