Netije

7 Aprel 2021
773

(hekaýa)

Olaryň her biri ugurdaş ýoluň ýolagçylary ýaly bolup gelýärdi. Üç sany adam — bir serkerde bilen iki sany esger — ýoluň soňunda bir nokada birikmeli ýodalar ýaly, kä üçburçlugy emele getirip, käte ugurdaş kesimlere meňzäp ýöreýärdiler. Olaryň hiç birinden ses çykmasa-da, daş-töweregini gurşap alan daglardan welin, ses çykýardy. Nirededir bir ýerde hökman suwuň bolaýmalydygy baradaky pikiri guşlaryň jürküldileri tassyklaýardy, ýöne üç sany harby gullukçynyň ýadaw gözleri erkana guşlaryň hereketini yzarlardan asgyndy. Olaryň öz maýdallaryna ýuwaşjadan ädimläp gelişleri, tutuş dünýäni bir tarapa, olaryň özünem bir tarapa goýýardy.

Bägül ATAÝEWA.
Beýleki habarlar