Gatyr, hajyr, üňňüş...

7 Aprel 2021
1195

Ulanyşdan galan käbir sözlere düşündiriş bermek maksady mende köpleriň söýgüli neşiri bolan “Maru — şahu jahan” gazeti bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan halypa mugallym, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Ata Akbäbäýewiň “Ýaş mugallymlara maslahatlaryny” höwes bilen okap otyrkam döredi. Ýaş mugallymlara halypa sapaklary bolup hyzmat edýän şol maslahatlarynda: “Ulanyşdan galaňkyrlan, ýitip barýan sözler hem (üňňüş, hüňňüş, gatyr, hajyr, gowdy, owdy...) mugallymyň üns merkezinde bolmalydyr” diýen sözleri okanymdan soň, ýandepderçäme ýapyşdym. Ylymda «arhaizm» diýip atladyrylýan köne sözler ulgamyna degişli şeýle sözler gabat gelse, olary ýandepderçäme belläp almak endigim bolansoň, halypa mugallymyň ýazgylarynda mysal getiren sözleri biygtyýar ýadyma düşdi.

Üňňüş, hüňňüş diýen sözler möjekler bilen baglanyşykly bolup, enesi it, atasy möjege — üňňüş, onuň tersine enesi möjek, atasy ite bolsa hüňňüş diýilýär. Aýdylyşyna görä, üňňüş gaty hüşgär bolup, çala şygyrdy eşitse üşerlip duran, adama-da örän haýal öwrenişýän haýwandyr. Gatyr, hajyr diýen sözler bolsa, toýnaklylar bilen baglanyşykly. Enesi baýtal, atasy eşekden önelgä — gatyr, enesi eşek, atasy atdan önelgä bolsa, hajyr diýilýär. Gatyrdyr hajyrdan soňra önelge önmeýär diýlip, ylmy çeşmelerde bellenilýär.

Beýleki habarlar